"Erkek sözüniň manysy näme üçin erkek diýildi" temasyna jogap
Düýn Mr. Writer agzamyz erkeklik hakynda birnäçe zatlary ýazypdyr, okanlaryma haýran galyp jogap bermek borjum hasaplaýan.
1. Erkek sözi edil bir erk sözünden gelenok, köne türki dillerinde "er" bolmak, doly we bütin bolmak, ýetişmek sözlerinden emele gelip "ek" at we sypat kiçeldiji goşulmasyndan emele gelen. Ek goşulmasyny biz başga sözlerde hem görýaris. Böwrek, ýüpek, goçak, menek, dalak köýnek we şm. Erk sözi hem başyny "er" den alýar.
2. Temanyň dowamynda hasam bulaşdyrýar we biziň aýal gyzlarymyz özlerini kiçeldilmegini gynansagam boyun alypdyrlar, hatta özlerini nämaniň kiçeldýänini "kategoriçeski" düşünenok. Mysal üçin; zenana erkek diýilmeýäniniň sebäbi olar özlerine erk edip bilmeýärmişin , syr saklap bilmeýämişin we şm. Tewsirçi gyzlar bolsa özleri hakynda nähili kiçeldiji zat ýazylanyna düşünmän awtory tassyklaýarlar.
Zenanlar siziň özüňiz özüňizi kiçeltmege itergi berseňiz ýaşaýyşda her wagt ikinji synp adam bolarsyňyz!!!

Edebiýat, yashalym tarapyndan 1 hour ago

Awtor men beýle maglumaty eşdemok, we öz ilden eşdişim boýunça size "DEŇEŞDIRME" täri arkaly beýan etdim, dogry düşünje çykararsyňyz diýip pikir edýän.

Meniň blogym!

Erkek adamlara erkek diýilmeginiň sebäbi barada size gysgaça maglumat aýtmakçy! Erkek adama erkek diýilmeginiň sebäbini bilmek üçin ilki "erkek" sözüniň manysyny bileliň. Erkek sözi "erk" diýen sözden gelip çykýar. Erk diýmek özüne erk edip bilýär, özüne özi jogap berip, ähli zat öz ygtyýarynda diýmekdir. Erkek adama "erkek" sözüniň berilmegi, özüne erk edip bilensoň berilýär.

Nämeüçin zenanlara erkek diýilenok?
Sebäbi zenanlar özlerine erk edip bilmeýäler. Durmuşda bolýan ýönekeý mysal, bir zenan beýleki zenandan täze bir habar eşidýär we ol 3-nji zenana habary aýdýar, şeýdip gep zenanlaň dilinden dile geçýär. Emma erkek beýle däl, olar gepi ýaşryn saklamaga ukyply, ýagny erkli, şoň üçin erk erkek bolýar!

Salam hormatly talyplar! Men bärde size Erkegi beýgeldip Zenany pes tutjak bolamok. Siz ýalňyş düşünmäň! Men deňeşdirme üsti bilen size ýönekeý durmuşdan alynan mysal blen suratlandyrmak isledim. Men bu mowzugymda diňe erkek sözüniň manysy barada öz eşdenlerimi beýan etdim.
Hormatly zenanlar, siz hem dogry düşüniň, men bu mowzukda sizi kemsidemok-da diňe "DEŇEŞDIRME" mysaly bilen getirdim! Ýagny zenan bilen erkek adamyň tapawutly tarapyny aýtdym we ERKEK sözüniň manysyny ilden eşdişim boýunça beýan etdim!

Hormat bilen Mr.WriTer!

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir