– Gözleriňi ýum!
– Ýumdum.
– Näme görýärsiň?!
– Garaňkylyk.
– Gözleriňi aç! Indi näme görýärsiň?
– Seni.
– Sen meni şol garaňkylykdan halas edermiň?!

* * *

Seniň gelmegiň üçin ýekeje gün ýeterlik, meniň garaşmagym üçin bolsa tutuş ömrüm. Sen maňa tutuş ömrümiň ýekeje gününi sowgat berip bilmezmiň?!

* * *

Sensiz bir gün ömre ýeterlik. Ömrüm sensiz ölme ýeterlik. Maňa diňe sen ýeterlik.

* * *

– Meniň saňa bir sözüm bar.
– Aýt!
– Ýok, iki söz aýtjak.
– Aýdyber.
– Üçüsini aýtsamam bolarmy?!
– Hawa.
– Men seni söýýärin.

* * *

Bir guşjagaz Gökdäki Güne aşyk bolupdyr. Ol Güne ýetjek bolup, elinden gelenini etse-de, barybir, oňa ýetmek başartmandyr. Bir günem ol ýüregine bire baglap, göterilipdir asmana. Tä ýelekleri ýanyp gutarýança uçupdyr. Ahyry ganatlary ýanyp gutaryp, aşak gaçypdyr. Ýöne ol guşjagaz henizlerem dirimiş, şol Güne ýetmegiň arzuwynda ýaşaýarmyş. Göwnüm hem şol guş mysaly, saňa ýetmegiň yşgynda, söýgim! Ony mundan artyk örteme…

çeşme: atavatan-turkmenistan.com

Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir