Bir wagtlar gurbagalar öz aralarynda ýaryş geçiripdirler.Ýaryşyň şerti elektrik sütüniniň depesine dyrmaşyp yza gaýtmak eken. Bu ýere ýaryşyjylardan başga-da tomaşaçy gurbagalaryň köplügi hem gelipdir. Şeýlelik-de ýaryş başlaýar. Şol bir wagtyň özünde-de tomaşaçylar belent sesli gürläp olara syn berip başlaýarlar.

-Şu wagta çenli bu sütüniň soňuna çykyp gelen bolmady ahyry…

-Bu hiçkime başartmaýmasa…

-Geçen gezek bäş gurbaga heläk bolupdy.

-Howwa-la biri dagy hut kelläme gaçypdy.

-Serediň häzir elleri typyp başlar.

-Oňurgalylardan bolsagam, ýykylaýsalar oňurgalaryndan nam-nyşan galmaz.

Birnäçe wagt geçenden soň ýaryşýanlar ýaralanyp ýa-da gorkup, käbiri bolsa tomaşaçylaryň galmagalyna ünsi bölünip ýere gaçyp ýaryşdan el çekýärler. Emma ýekeje ýaryşyjy sütüniň depesine çykýar hem-de yzyna aman-esen dolanyp gelýär. Görüp otursalar ol gurbaganyň gulagy agyr ekeni.

Ýeňişe gidýän ýolda, ýeke-täk böwet ynamsyzlykdyr. Ynanç-ýeňip bolmaýan güýç. Üstünlik hemraňyz bolsun!

Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir