Dün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow baştutanlygynda Ruhyýet Köşgünde geçirlen 21.Halk maslahatynda raýatlarymyza şatlykly habarlaryň biri hem gelip gowuşdy. Maslahatda 2009-njy ýyldan başlap zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, kömek pullaryň we talyp haklarynyň artdyryljakdygy mälim edildi. Şu günkü gazetlerde çap edilen karara görä, 2009-njy ýylyň 1-nji yanwaryndan başlap býujetden maliýeleşdirlen edaralaryň, hojalyk hasaplaşagyndaky kärhanalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyklarynyň, pensiýalaryň, kömek pullaryň we talyp haklarynyň 10 göterim köpeldiljekdigi habar berildi. Prezident Berdimuhamedowyň gol çeken kararyna görä, aýlyklaryň we pensiýalaryň ortaça mukdary hem kesgitlendi. Şeýlelik bilen öňümizdäki ýylyň 1-nji yanwaryndan başlap ähli işgärleriň iş haklarynyň ortaça 2720 müň manatdan az bolmadyk möçberde belleniljekdigi mälim edildi. Zähmet pensiýalarynyň iň ýokary mukdary bolsa 2420 müň manat diýip kesgitlenildi. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň pensiýalary bolsa iň az 1980 manat, iň köp 2640 manat möçberinde bellenildi. Ýolbaşçylaryň iş haklarynyň möçberi bolsa 1-5 goşundylara laýyklykda tassyklanyljakdygy Berdimuhamedowyň kararynda beýan edilýär. çeşme:turkmenpress

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir