Beyik Tañryñ 99 ady bilen,
Bashladym sessiz, galamyñ dady bilen.
Han, tihan, ishan, ahun, myhman sylan,
Yash, juwan, ir ôlenleñ yady bilen.

Yoklukdan bar eden sen,
Baylykdan zar eden sen,
Harlykdan han eden sen,
Hanlykdan har eden sen.

Biz yatsak-da sen oya,
Parh goyman deñ goya,
Biz ga:pyl, sendiñ oya,
Sen jan berdiñ dem goya.

Yoluñ doly bereketden,
Rysgal paylan hereketden,
Diydiñ sen bizi "Terk Etmen",
Adyl sensiñ sherk etmen.

Ileri gôrmediñ garadan agy,
Parh goymadyñ dûzden dagy,
Deñ tutduñ sen gysh hem yazy,
Diydin "Deñ tut kôp hem azy".

Begenen sendiñ begenenime,
Geregiñ yokdur egilenime,
Shûkûr edyân berjegiñe,
Kâte alyp hem bereniñe.

Asyl alynmaz pul bile,
Yanyp,gômûlmez kûl bile,
Waspyñ bolmaz dil bile,
Azdyr tutsam gûl bile.

Inç adyñ delminene,
Dynç yadyñ her bilene,
Sen beryâñ,menden dileme,
Sen bilgiçdiñ her bilene.

Yakyn sensiñ damardan,
Hâzir sensiñ yatandan,
Habardar her habardan,
Hayyr beren sen hatardan.

Açgyn yûregime sen yoly,
Biz bosh bildim sen doly,
Çôlde galsam sen gora,
Sûyji diymân her shora.

Açdyñ yolumy sen toba,
Diymediñ dur sen noba,
Berdiñ haybaty sen jora,
Bereketi berdiñ her oba.

Ot dôretmedi yakmana,
Bermedi zynjyry dakmana,
Bermedi dili bize çakmana,
Ayagy-da bermedi kakmana.

Hetden çenden sen ashyp,
Sen bendâñe çyn ashyk,
Biz hayranlar hem çashyp,
Senden kim bize kôp ashyk?

Gôz ûstûnde yakyn gashdan,
Gûyçli geçer demir dashdan,
Pâk sen her daman yashdan,
Doky sylap geçmer açdan.

Mekgâ nesip eden haja,
Ilki Huday,soñky pul.
Dosty yakyn eden saña,
Ilki Huday,soñky pul.
Mariza bil shypa beren,
Ilki Huday,soñky pul.
Adama bil baha beren,
Ilki Huday,soñky pul.

Ôzûni tapan Hudayy tapar,
Tôhmet yapan Hudaydan tapar,
Yol yitiren tapman çapar,
Adashman-da çapman tapar.

Nâshedeyin diyip nâsh etme,
Oñarjagyñy kash etme,
Bar zadyñy gadyrlap,
Altyñ bolsa bâsh etme.

Hak yoly sil almar,
Hak nâhaka bilanmar,
Tañry bendâ gynanmar,
Gadyr bilmân sylanmar.

Ajal jany ir almar,
Yashy saylap,pir almar,
Palta alan ele pil almar,
Her çopan bolmar Pygamber.

Agzybirlik ôlmesin,
Solan gûller gûllesin,
Tiken tôrde dôremesin,
Yalan sôzler yaramasyn.
Kôlegeler dar bolmasyn,
Çôrege-de zar bolmasyn,
Ôlen yyllar yaz bolsun,
Yaman sôzler saz bolsun.

Her kim gezse saña tay,
Ayy,gûni,yyly way!

Edebiýat, soho tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir