Italiýanyň futbol çempionatynyň 22-nji tapgyrynda «Ýuwentus» myhmançylykda 0:1 hasabynda «Napoliden» ýeňildi.

Duşuşygyň 31-nji minudynda 11 metrlik jerime urgusyndan Lorenso Insinýe ýeňiş pökgüsini tora gönükdirdi. Bu pökgi Insinýe üçin «Napoliniň» düzümindäki ýüzünji goly boldy.
«Ýuwentusyň» goragçysy Jorjo Kiellini bolsa Italiýanyň çempionatynda 400-nji we turin klubunyň düzüminde ähli ýaryşlarda 500-nji duşuşygyny geçirdi.
«Ýuwentus» A Seriýada bassyr üç ýeňişden ybarat tapgyryny bozdy. Turin kluby 42 utuk bilen sanawda üçünji orunda ýerleşýär. «Napoli» 40 utuk toplap, dördünji ýere çykdy.
Indiki tapgyrda Andrea Pirlonyň şägirtleri 22-nji fewralda öz meýdançasynda «Krotoneni» kabul eder. Jennaro Gattuzonyň şägirtleri bolsa 21-nji fewralda «Atalanta» bilen duşuşar.

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir