Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby 2020-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi. Etrabyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy. Bu barada şu gün 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde yglan edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Merkezi banky görkezilen pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp berer.
Belläp geçsek, S.A.Nyýazow adyndaky etraby geçen ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazandy.
Bu bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, etraplarda we şäherlerde durmuş, ykdysady we medeni ugurlarda gowy netijeleriň gazanylmagyny hem-de döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek maksady bilen, eýýäm birnäçe ýyldan bäri geçirilip gelinýär.



çeşme: tmcars

Täzelikler, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir