Adamyň bir mätäç zady hoş sözdir,
Hoş söz aýdyň depesine täç bolar.
Dirilikde aýdyň ,dirikä sylaň,
Kim bilip dur,bir ýyldan soň giç bolar.

Gowa gowy diýiň entek dirikä,
Gerek ýerde ýyly bir söz güýç bolar.
Hökman ölerine garaşyp durmaň!
Kim bilip dur,bir aýdan soň giç bolar.

Ýagşy sözler gaýnap ýürekden çyksyn,
Şol närseden bärde çyksa hiç bolar.
Goldaberiň bir-biregi söz bilen,
Kim bilip dur,bir hepdeden giç bolar.

Kalby çoýuň,alkyş alyň adamlar!
Alkyşlynyň işi rowaç bolar.
Erte tapdyranok bugün göreniň,
Şugün çoýuň,erte,mümkin,giç bolar.

Awtory:Berdinazar Hudaýnazarow.

Edebiýat, DeatH tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir