Ýerdäki janly-jandarlaryň bar bolan gününden bäri öwrenişen bolsak-da, asmanyň mawy reňkde bolmagy Älemde öň ýüze çykan ýagdaý däldir. Onda näme üçin asman mawy görünýär? Näme üçin gün ýaşanda asman gyzyl-mämişi reňke bürelýär? Bu soraglara ähli jikme-jikliklere jogap bereliň.

Ata-babalarymyz ýaly, başymyzy ýokary galdyranymyzda mawy asmany görmäge öwrenişdik, köplenç muňa üns hem bermeýäris. Geliň, çaga ýaly sadalyk bilen pikir edeliň we asmanyň näme üçin mawy görünýändigini bileliň. Bu soraga “Scientific American” žurnalynda neşir edilen gözlegiň netijesinde şeýle diýilýär:

“Näme üçin gün ýaşanda asman gyzyl-mämişi reňke bürelýär?” Soragyň jogaby – Gün sebäpli.

Ýagtylyk Günden syýahatyny başlaýar we Ýere tarap gaýdýar we atmosferadan geçmeli bolýar.

Ýagtylyk atmosferadan geçende, howa molekulalaryna duş gelýär. Howa molekulalarynda elektron we proton diýilýän bölejiklere duşanda, dargama bolýar we ýagtylyk hemme ýere ýaýraýar.

Pytraňňy wagtynda ak diýip bilýän gün şöhlämiz mämişi, gyzyl, sary, ýaşyl, mawy, goýy gök we gyrmyzy reňklere bölünýär. Ýagtylygyň bir spektrinden dargadylan bu reňk bölekleriniň hersiniň beýlekisinden tapawutly tizligi bar. Asmana sereden her pursadymyz görşümiz ýaly, bu reňk komponentleriniň iň tiz hereketlisi mawydyr. Şol sebäpli hem biz mawy asmany görýäris.

çeşme. ashgabat.in

Täzelikler, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir