Häzirki döwürde internet websaýtlaryny sanar derejeden has kändir! Hususanda biziň döwletimizde hem internet websaýtlaryň sany gaty kän. Olara her gün 1000-läp, 5000-läp adamlar girýärler. Elbetde websaýtlaryň köpelmegi bilen, oňa bolan garşylyklar, gara güýçeler hem peýda bolýar. Bäsdeşlik bar ýerde ösüş bar diýen nakyl ýöne ýere aýylanok. Ýöne bu nakyly aşakdaky ýaly käbir senzuradan çykyp, bozýan garşydaşlar hem peýda bolup başlady.
Temaň adyndan belli bolşy ýaly men bugün sizlere WebAttaka barada aýdyp bermekçi. WebAttaka bu türkmençesine web hüjüm diýip diýip bileris, ýagny websaýtlara hüjüm. Häzirki döwürde kän duş gelýänlermiz, esasy öňde baryjy we geljekki öňde baryjy websahypalara, bilkastlaýyn, gara niýet bilen hüjüm etýän bäsleşler hem bar.
Nädip hüjümçilerden, garşydaşlardan goranmaly?! Garşydaşlardan goranmak üçin, siziň guran sistemaňyzyň işleýiş prinsptini öwrenmeli. Siziň taslamaňyz döredilen, gurallary barada doly maglumat berýän ýerleri gözlemeli. Meselem: siziň websahypaňyz PHP-de gurulan bolsa, diýmek siz PHP offissial websahypasy php.net -de girip PHP gollanmasyny öwrenmeli. Berilen bellikleri doly öwrenip gurulan taslamaňyzda, bellenilen howuply bellikleriň ýokluguny barlamaly. Eger sizde görkezilen, belliklerdäki howuply kodlar bolmasa diýmek websaýtyňyz hekkerlerden arassalanar!
WebAttaka-dan goranmagyň ýene bir sadaja usuly! Eger websahypany hakkerlerden goramak isleseňiz, hakkerler ýaly oýlamaly. Ýagny hakkeriň saýty bozup biläýjek ýerlerine çäklendirme goýmaly ýa-da şol bölümi pozmaly...
Ýokardaky ýaly webattakalar Türkmen saýtlarynda hem boldy. Men size aşakda webattaka duçar bolan, websahypalaryň yzy giderligini we sebäplerini ýazyp bermekçi.

1. Dostluk.Ru - sebäp, pikirler bölüminde paýlaşylýan faýllara filtirleme goýulmadyk. Munda hakker arkaýyn saýta şell faýly ýükläp, etjek işini edip bilýär.
2. Talyplar.Com - Blog ýazmak bölümindäki, goşulýan suratlara filtirmele goýulmadyk. Munda hakker arkaýyn saýta şell faýly ýükläp, etjek işini edip bilýär.
3. YekeTak.Ru - PHP-däki käbir gereksiz funksiýalar arkaly saýta attaka edildi.
4. Saylanan.Ru - saýtyň esasy kelle bölümdäki, PHP funksiýa arkaly attaka edilen(tahmyn)

Häzirki wagtda ýokardaky websaýtlaryň gereksiz funksiýalary aýryldy, kälerine bolsa filtirleme goýuldy. Käbirleri bolsa, häzirem işlänok...

Awtor: Pälwan Akmyradow

P.s: talyplaryň adminää bar, saýtynyň goragyna sazlaşdyran bolýar käte, attaka edilende :D hemmede ýalňyşýar

Tehnologiýa, ZET-PRO2003 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir