Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! sahypanyň öňki görnüşinde sheyle onat yazgy gorupdim wagt barada Messä degişli, ozumem bir zatlar yazypdym bu babatda. Shol yazgylary "remixlap", sizin bn hem paylashayin diydim, ensalla, peydasy bolar, shu yazgyny okan ynsan sany kopeldigisayin, yazanam, men hem gazanylan sogaplara shariklik etme kanuny boyunca sogap gazanarys diyip umyt edyarin! Ynha-da yazgylar: Bankda hasabyňyzyň bardygyny we oňa her gün irden 86400 dollar goşulýandygyny pikir ediň. Agşama çenli bu puly ulanmaly. Puly ulansaň ulananyň bolmasa köýüp gidýär. Nädersiňiz?! Elbetde, hemmesini sowmaga howlugarsyňyz. Hemmämiz bu WAGT atly bankyň müşderileridiris; Her gün irden 86400 sekunt berilýär. Bu güni ýagşy işler bilen geçirmeseň gaýdyp gelmýär. Her gün hasabymyz täzeden başlar. Her wagty öz wagtynda harja! Wagt gaçýar. Her gün üçin iň gowusyny et! * Bir ýylyň gadyryny bilmek üçin synpyndan galan okuwçydan soraň, * Bir aýyň gadyryny bilmek üçin 8 aýlyk çaga dogran eneden soraň, * Bir hepdäniň gadyryny bilmek üçin hepdelik gazet çykarýandan soraň, * Bir sagadyň gadyryny bilmek üçin duşuşyga garaşýan ýaşlardan soraň, * Bir minudyň gadyryny bilmek üçin otla ýetişmedik ýolagçdan soraň, * Bir sekundyň gadyryny bilmek üçin awtomobil heläkçiliginden zordan gutulan sürüjiden soraň, * Bir millisekundyň gadyryny bilmek üçin olimpiýadada kümüş medal alan ylgaýjydan soraň!!! Her wagty ulan, her minudy aýratyn adam bilen paýlaş, wagtyňy dogry, dürs geçir. Unutma! Wagt hiç kim üçin durmaz. Geçen wagt taryh, geljek bolsa bilinmeýän bir syrdyr. Diňe şu wagtyň özi saňa berlen sowgatdyr. Bu hepde dostluk hepdesi. Dostlar tapylmaz we taýsyz almazdyr. Göwnümize deger, güýçlendirer we wagtal-wagtal awundyrarlar. Ỳüreklerini bize açar. Dostlaryňa söýgüňi görkez! Dostluk habaryny hemmelere iber, jogap alsaň, durmuşda dostlaryň barlygy üçin buýsanarsyň. Olara nä derejede mätäçdigiňi we seniň olara nä derejede gerekdigiňi siňe seretseň görersiň ...! Wagty tygshytly ulanmak barada bir hadys yadyma dushdi, ynha, shu yere goyyaryn: Pygamberimiz(SAV) sheyle diydi:"5 zadyn gadyryny (oz layiklygy bn) bilin! Olar: 1- Garramakanyz yashlygynyzyn; 2- Syrkawlamakanyz saglygynyzyn; 3- Garyp bolmakanyz baylygynyzyn; 4- Bashagay bolmakanyz bosh wagtynyzyn; 5- Olmakaniz bolsa durmushynyzyn Yokarda gorushimiz yaly, durmushymyzy tygshytly we tertipli yashamaga calyshsak, onda bolup gecyan kop wakalaryn bizin peydamyza boljagy ikucsyz. Shol sebapli, nahili erbet we ansat, ya-da kyn hem bolsa, onunden bir plan guryp, shona gora hereket etmek has amatly bolar diyip pikir edyarin! Wagty tygshytly we has amatly ulanmak ynsandan ynsana gora uytgeyar. Meselem, ynancly biri, ozune Biribar tarapyndan berlen 1 gunin dowamyndaky 24 sagadyn 86400 sekundyny 5 bolege ayrar, 5 wagt parz ybadatlary ucin, galan zatlary shol 5 wagtyn arasyna goyar, sheyle edenligi ucin hem, gun boyunca hemme eden zatlary (icinde gunalik hereket bolmazlyk sherti bn) sogap hokmune gecer, hatda, ukysy hem, sebabi, muny hadys bushdulayar diyip eder. Ateist biri bolsa, has bashgaca plan gurar we sh.m. Hemme wagtymyzy hayirly, bereketli we tygshytly ulanmak dilegi bn!

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir