Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Bir waka okapdym ýa eşidipdim bir wagtlar 1850-1900-ly ýyllarda bolan. Waka bize kä ýagdaýlar barada örän oňat sapak(/“ibret”) berýär. Aslynda, bu waka Türkiýedäki tanymal şahyr Mehmet Akif Ersoýyň bir ýatlamasy. Siziň bn hem paýlaşaýyn diýdim, belki, bize-de peýdasy bolar. Ynha: Her gün öýmüziň ýanjagazyndaky metjide şapak söküberende, ertir namazymy eda etmäge gidýärdim. Haçan baraýamda-da menden öňürti metjide baran ak saçly bir gojany görýärdim. Näçe gezek synanyşsam hem, ondan ýekeje günem öň baryp bilmeýärdim. Özem hemişe aglaýardy. Munyň sebäbini oňa bir gün soradym. Aýtmak islemedi näçe wagtlap. Bir gün bolsa men ýer depip, ondan sebäbini aýtmagyny Allahyň razylygyny hem ara goşup ýalbaryp soradym. Ol şondan soň ulydan demini alyp, başyndan geçen bir wakany gürrüň berip başlady: “Men Jennet mekan Abdulhamit şanyň müňbaşysydym. Bir gün öýmüzden bir hat geldi. Hatda ene-atamyň ýogalanlygy we öýdür mellegimize seretjek başga biriniň bolmanlygy sebäpli, meniň eýe çykmagym bildirilýärdi. Bu sebäpli, men hem başymyzdaky serkerdä wezipämi gutartmagyny isläp, arza ýazypdym. Arzam kabul edilmändi. Men arzamy gönüden-göni Abdulhamit şanyň öz kabulhanasyna ugratdym, ol ýerdenem arzamyň kabul edilmänligi barada taglymat geldi. Bu gezek özüm güniden-göni şanyň huzuryna çykmagy müwessa bildim, belki, bir ýagdaýyny tapyp, ýagdaýymy şaha düşündirip bilerin diýen maksat bilen. Dergähine kabul etdi, arzymy diňledi we :”Bolýar, seň wezipäňi aldyk!” diýdi. Ýöne onuň bu kararyndan şeýle birahat bolany onuň gözlerinden we özüni alyp barşyndan belli bolýardy. Men müňbaşylygy goýup, daýhançylyga başladym. Köp wagt geçmäkä bir düýş gördüm. Düýşümde pygamberimiz (SAW) Osmanly Imperiýasynyň goşunyny barlaga gelipdi. Yzynda bolsa dört çaryýarlar/halypa we Abdulhamit şa bardy. Olaryň öňünden goşunlarymyz nyzam bilen bölek-bölek geçip durdylar. Meniň bölegime gezek gelende, bölegiň başly-barat, bidüzgin geçenini görüp pygamberimiz (SAW) bilen Abdulhamit şanyň arasynda gysgajyk şeýle gürrüň boldy: - Hany, bu bölegiň müňbaşysy?! - Öz islegi boýunça wezipeden boşatdyk! - Seniň boşadanyňy biz hem boşatdyk! Ynha, bu ýagdaýy görüp, men aglamaýyn-da, kim aglasyn?! “Meni mundan soňra pygamberimiz bagyşlarmyka, Öz şepegatyna meni hem miýesser edermikä?!” diýip, şondan bäri hiç aglamagy goýamok.” Soňunyň näme bolany ýadyma düşenok, ýöne bize berýän sapagy anyk görülýär. Nirede, näme bolup işleýän/okaýan/ýaşaýan hem bolsak, özümize degişli wezipäni ýerine ýetirmesek, ýagny, wezipäni taşlasak, onda wezipäniň hem bizi taşlajagy aýandyr. Biribardan bizi okuwymyzda, işlerimizde, amallarymyzda, wezipelerimizde we durmuşymyzda hemme taraplaýyn başarnykly etmegini dilemek bn!

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir