Uçgun
Ýüregim ýanýar...
Ýalyny
gözlerime ot düşürer.
Ýylanaryn öz oduma,
Yssy şäherde üşesem.
Düşemesin hiç kim meniň
Ýoluma elwan gülleri.
Barybir, lezzeti bolmaz,
Ýatlatmaz çaga günlerim.
Gözýaşym, goý, tämizlesin,
Armanym nä, ýer päklense!
Derdiň kändir, emma munda
Dertli adam özüň dälsiň.
Ýöräber ýoluňa garap,
Diýjek tapylar: "Ýol bolsun!"
Deňize bakyp näme etjek,
Görüp bilmeseň gämisin?!
28.06.2020ý.
Soň
Ýuwaş-ýuwaş ädimleriň
Ädilmesin bes edende,
Kalbyň öňki heňi däl-de,
Has başgaça ses edende,
Üzülende göwün taryň,
Kirişleri tapylmasa,
Bir ýerden şöhle ýetişer,
Ähli gapy ýapylsa-da.
Menzile sary ýol aşyp,
Ýöremek endige döner.
Many gözleýän zatlaryň
Bimany zada öwrüler.
Kino çalymdaş däl durmuş,
Sahnasy meňzeş bolsa-da.
"Dowamy bar" diýen ýazgy
Goýup bolmaýar soňunda.
28.06.2020ý.
* * *
Arz
Kaka, kararsyz men soňky wagtlar,
Gijä galmak endigimden ýadadym.
Biraz durmuş tow beripdir — bekeşýän.
Öňler-ä, bilýänsiň, gaty sadadym.
"Ýadadym" diýmäge baranok dilim,
Şadyýan bolmaga synanýan diňe.
Öňler Gün doguşyn synlardym säher,
Soňky günler imrindim-de iňrige,
Göwnüme sygdyryp bilmediklerim
Bir seniň öňüňde açasym gelýär.
Ynan, ähli zady taşlap käwagt,
Hatda, wagtdanam gaçasym gelýär.
Uçasym gelýär meň uzak bir ýere,
Men bagtly bolmaryn gülenim bilen.
Gitmek bilen gutarmaýar ähli zat,
Durmuş başlamandy gelenim bilen.
23.06.2020ý.
* * *
Sebäp
Edenleriň yhlasyňa degmese,
Göwnüň döwülmese sähelçe zada,
Aýagyňy ýer tutansoň, umydyň
Ýere düşmän ganat kaksa howada,
Jogabyna garaşmasaň sowalyň,
Içiňde ýanmasa günäliň ody,
Alsa-da bar zadyň ykbal eliňden,
Sowgat berse soňam ýekeje zady,
Sabryň ýetse eken bolsadylaryň
Hasylyna garaşmaga bir ömür,
Azmasa ýoluny urduryp darda
bu ynjyk göwün...
Ýaşaberseň ýazgydyňa ýazylan
ykbalyňdan çöpläp miweli däne,
Yhlas eden daragtyňam, a birden,
Miwe bermese näme?..
29.06.2020ý.
* * *
Delil
Depäňe üýşüpdir umman,
Duman alypdyr daşyňy.
Nämedenkä seniň dymmaň?
Agardypdyr al başyňy.
Ýüzüňde ýodalaň yzy
Garran ýaly görkezipdir.
Gursagyňda syr gizlenip,
Aýaňy ýagyş ezipdir.
Gudrat bilen döräpsiň sen.
Hakdan galan esermiň ýa?!
(Men bir zada göz ýetirdim:)
Köwülse-de näçe düýbi,
Belent daglar peselmeýär.
19.08.2020ý.
* * *
Şol bir ýoldan geçýär adam,
Her kimiň öz ädişi bar.
Käte geljek hakda pikir,
Käte geçmiş ýada düşýär.
Kimse ýoly arassalar,
Kim ýasar daşlardan sürçek.
Azdyr dünýäniň derdini
Öz gerdeninde göterjek.
Peşgeş berilen günlerde
Ötürseň ömri manyly,
Ölmek — aňsat, ýaşamak — kyn,
Bu dünýäde bolsaň diri.
19.08.2020ý.
* * *
Açyş
Guşlaryň sesinden, şemaldan, sazdan
Has täsirli maňa her bir fonema.
Olary jem eýläp akustikamda,
aýdyşym dürlüdir özgeleňkiden.
Bolanda näme?!
Matematikadaky deňdir belgiden
has başgaça meniň eziz mugallymmyň
Depderme goýdurýan deňdir belgisi.
Amaly sapaga taýýarlanýarkam
gulagymda ýaňlananda oň sesi,
Fonemalar öz wariantyn gujaklap,
Aňymda arzuwly aýdym aýdýarlar.
Hawa, men her gije umytly ýatyp,
Portfelme salyp bilen kitabym
salýan-da, säherde saňa gaýdýaryn.
Mugallymym kän zadyň syryny açan
Dünýä gözlerinden çykaýjak bolýar.
A men gözlerime äýnegmi dakyp,
Şol eziz mugallymma meňzejek bolýan.
Heniz arzuw bu zatlaryň barysy,
Dünýä durşy bilen maňa çylşyrym.
Onuň ähli syry çözüljek ýaly,
Birje gezek dünýä seredip bilsem,
Öz dakynýan äýnegimi mugallymmyň
şol enaýy äýnegine çalşyryp.
12.01.2021ý.
Gülnar GELDIMYRADOWA
Täze goşgular
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- +++++
soho 3 years ago- tasirlije yazyan eken:ay, minnetdar yetirenine!