LILIT SIMWOLIKASY

Lilit ýewreý okkultizminde Hezreti Adam atanyñ birinji aýaly hasaplanýar. Ol adamsyny How eneden gabanyp, ondan bolanlary öldürjekdigine äht edýär. Lilit bäbek ölümleriniñ we göwreli aýallaryñ çaga düşmeleriniñ sebäpkäridigine ynanylýar. Ýagny, ol metafizik keşbe girip, her dünýä inen çaga musallat bolýarmyşyn. Onuñ Aýyñ garañky tarapy bilen alamatlandyrylmagy gözeilginçdir.
Lilit bir çaga ogrusydyr, onuñ çaga ogurlygy baradaky rowaýaty ençeme amerikan kinofilmlerine tema bolup geldi. Barmak büküp sanardan kän bu mysallary hut şu nukdaýnazardan aýyl-saýyl etmelidiris.
1989-njy ýylda ekranlaşdyrylan "I Know My First Name is Steven" ("Я знаю, что моё имя Стивен") kinofilminde ogurlanan ýedi ýaşly çagajygyñ kyssasy beýan edilýär. Maşgalasy tarapyndan oñly idi-issiwat edilmeýän Stiwen başga bir şähere göçensoñlar, hasam ýekesireýär. Ýeke özi içini hümledip ýörkä azgyn biri tarapyndan alnyp gaçylýar we birnäçe ýyllap jynsy zorluga sezewar bolýar. "Ýaramaz" güýç tarapyndan "alnyp gaçylan" çaganyñ gören jebir-jepasy ýadyña Lilitiñ eden kasamyny düşürýär.
1995-nji ýylda ekranlaşdyrylan "The City of Lost Children" ("Город потерянных детей") kinofilminde suratlandyrylan Aý şuglasy, garañkylygyñ höküm sürýän ýerasty dünýäsiniñ gurluşy we kadalary düýpgöter tapawutlanýar.
Krank atly personaž çagalaryñ düýşlerine girmäge ukyply añ gözegçilik hünärmenidir. Kinofilmde Aý, ýitirim bolýan çagalar we añ gözegçilik konsepsiýalary üns bermäge degişli.
1976-njy ýylda ekranlaşdyrylan "The Omen" ("Омен"), 2000-nji ýylda ekranlaşdyrylan "Bless the Child" ("Благословите Дитя"), 2007-nji ýylda ekranlaşdyrylan "Whisper" ("Шептать") ýaramaz güýçleriñ eline düşen çagalar baradaky kinofilmlerdir. Ýagny, "alyp gaçma" simwoly bu gezek ruhumyyzyñ alnyp gaçylmagy manysynda garşymyza çykýar.
2003-nji ýylda ekranlaşdyrylan "The Missing" ("Пропaвший без вести") kinofilminde transformasiýa, ýagny keşpden keşbe geçmek ukybyna eýe bolan ýaramaz güýç tarapyndan ogurlanan bir gyzyñ kyssasy beýan edilýär. Özem şol gyzyñ adynyñ Liliýa bolmagy tötänlik däl bolsa gerek. Dartgynly epizodlardan we elhençliklerden doly bu kinofilmlerde ulanylýan rituallar köplenç köpleriñ gözüne ilmän galýar.

http://kitapcy.com/news/2019-05-08-6831

Edebiýat, wagt tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir