ZENANLAR TARAPYNDAN OÝLANYP TAPYLAN ZATLAR

Öňräk üç-dört sany oglan bolup otyrkak birden bir mesele ýüze çykdy: Zenanlar dünýä belli açyşlar edip gördülermikä?! Hemmeler dymdy. Dogrusy biz olar baradaky maglumatlary bilmeýärdik. Şondan köp wagt geçmänkä meniň birnäçe maglumatlar elime düşdi. Zenanlaram dünýä belli açyşlar edip bilýärler eken. Geliň bilelikde öwreneliň!

***

1845-nji ýylda Periskop tehnologiýasyny Sara Meter atly zenan oýlap tapdy. Periskop ýerasty gämilerde bolup, ol gäminiň öňünde uly göwrümli bir päsgelçiligiň barlygyny we şoňa çenli aralygy ölçeýär.

***

Asman jisimleriniň koordinatasyny ölçeýän guraly zenan alym, filosof, astronom Gipatiýa Aleksandriskaýa tarapyndan biziň eramyzdan öň 370-nji ýylda oýlanyp tapyldy. Guralyň ady – Astrolýabiýa.

***

Etli konserwa 1873-nji ýylda rus zenany Nadežda Kožina tarapyndan oýlanyp tapyldy. Onuň bu üstünligi üçin Wenada geçirilen halkara sergide medal bilen sylaglandy. Bu oýlap tapyşyň ähmiýeti örän ulydy. Esasanam esgerler üçin.

***

Wezipesi ýönekeýje kätip bolan bir zenan 1892-nji ýylda ilkinji bolup gar arassalaýjy maşyn ýygnamagy başardy.

***

Gap ýuwujy maşyn ilkinji gezek 1886-nji ýylda Josefa Kokreýn tarapyndan oýlanyp tapyldy.
***
Býustgalter – 1889-nji ýylda Ermini Kadol atly zenan tarapyndan Parižde geçirilen uly sergä çykaryldy we şöhratlanmagy başardy.

***

Çaganyň arlygy ilkinji gezek Mariana Donawan tarapyndan hödürlendi we beýleki döwletlerde hem çaga arlygynyň ulanyp başlamagyna getirdi.

***

Maşynyň öňki aýnasyndaky gar-ýagyşy süpürüji (стеклоочиститель) hem 1903-nji ýylda Meri Anderson tarapyndan oýlanyp tapyldy.

***

Awtomobilleriň gulşiteli hem 1917-nji ýylda Dolores Jons atly zenan tarapyndan oýlanyp tapyldy.

***

Goraýjy geýim (бронежилеть) 1965-nji ýylda doktor Stefani Kwolek tarapyndan oýlanyp tapyldy.

***

Internet ulgamyny bir wagtyň özünde birnäçe adamyň peýdalanyp bilmegine mümkinçilik berýän WI FI ulgamy hem alym zenan Hedi Lammar tarapyndan 1941-nji ýylda oýlanyp tapyldy.

http://kitapcy.com/news/2018-11-12-3336

Tehnologiýa, wagt tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir