Men özümiň ylmy garaýyşlarymda birnäçe ýalňyşlyklara ýol berýändirin,emma bu bolup biljek zat.Ylymda iň birinji zat maglumat.Maglumat beýnä gelip ýetenden soň ony düşünmeli we analiz etmeli.Ýeterlik bolmadyk magtlumatlary welin,analiz etmek gaty kyn düşýär.Hantureniň bize aýdýan tekiz ýer we ylymyň togalak ýer baradaky maglumatlaryny deňeşdirmeli bolsa,men togalak ýeri saýlap alýan.Tekiz ýere garanda togalak ýer teoriýasy hakykata has golaý.Hantureniň aýdyşyna görä,togalak ýeriň suratlary bir mantaž eken.Men internetden tekiz ýeriň suratlaryny gördüm.Anyk aýdyp biljek zadym ol hem hakyky mantaž.Bir täsin tekiz ýer teoriýasy dini garaýyşlara gol ýapyp döredilen ýaly.Kurany Kerimde:"Biz ýeri tekiz ýaýdyk(ýaratdyk)"-diýen ýaly bir aýat bar eken.Ol aýat ýalňyş bolsa,beýleki aýatlaryň dogrulygynada şübhe döredýär.Mukaddes kitabyň içindäki ýekeje söz hem ýalňyş bolsa,onda ol kitap Allanyň sözi däl-de,bendesiniň sözleri bolup çykýar.Bütün bir dini sistema hatardan çykýar.Dini sistemany saklap galmak üçin,tebigatdaky bar zat,kitabyň içindäki ýazgylar bilen gabat geläýmeli.Hakyky ylyma hormat goýýan adam bitarap bolmaly,diniň tarapynam çalmaly däl,ylmyňam.Diňe bar bolan hakykaty orta çykarmaly.Hakyky ylym adamsyň etjek işi şol.

Eger-de gün kiçi bolsa,global ýylylyk nireden bolup geçýär?Eger-de Taňry pasyllary ýaradan bolsa,şolar bir durkunda gaýtalanyp durmaly dälmi?Häzir ýer ýüzüniň ilatynyň deň ýarysyndan köpi global ýylylygy duýup bilýär.Onuň üçin hiç hili subutnamada gerek däl.Meniň özüm Daşoguz welaýatynda ýaşaýan,çaga wagtlarym galyň garyň üstünden ýöräp mekdebe gatnaýardyk.Haçan görseň daşarda agaryp gar ýatýardy.Ýylyň şu wagtynda daş-töweregi gardan arassalamaga mejbur bolýardyk.Emma häzir nä? 3-4 ýyldan bäri ýagýan gar ýok diýen ýaly,ýagsa-da derrew ýok bolýar.Edil şu günem howa ýaz ýaly boldy.Goňşulara bir köýnekde baryp gelýänçäňem üşäp ýetişjek gümanyň ýok.Howanyň maýyllygyndan peýdalanyp gelinler çagalaryny daşary çykarypdyr.Telewizorda tomaşa etdim,Sibirem ereýän eken.Diýmek,global ýylylyk bar zat we ýyl-ýyldan güýjäp barýar.

Buz ak reňkde bolany üçin,ýylylygy yzyna serpikdirýär we ýere belli bir derejede sowadyp durýar.Emma suw ýylylygy özüne siňdirýär we planetany has gyzdyrýar.Netijede buzluklar has çalt eremage başlaýar.Bu bolsa ýer ýüzünde gaty uly weýrançylyklara sebäp bolup bilýär.Ýer üçin bu adaty zat.Million ýyllardan soň ýer,öz kaddyny täzeden dikeldip biler.Ýöne ýerde ýaşaýan owunjak jandarlar bolan biz adamlar üçin,bu ahyrzaman bilen deň hadysa.

Ýer mundan 10 müň ýyl ozal ýaşamak üçin amatly durka gelýär(buzluk döwri soňlanýar) we bu amatlylyk ýene 10-15 müň ýyl dowam etmegi mümkündi.Tebigatdaky hadysalar bir tekiz ýuwaş bolup geçýärdi.Emma adamyň hetden aşa howany zäherlemegi netijesinde,hadysalar gaty çaltlaşyp gitdi.Adam emeli usulda hadysalary çaltlaşdyrdy.Häzirki ýaşaýan ýerlerimizde belki 100 ýyldan soň äpet bir okean bolar,muny hiç kim bilenok.

Tekiz ýerde emeli hemralaryň hereketini düşündirmek kyn,emeli hemralar kosmosda ýok diýmek bolsa,has beter problemalary orta getirip atýar."Bize emeli hemradan gelýär"-diýip düşündirilen signallar onda nirden gelýär?Signalyň barlygy anyk,emma nireden?Bu soraglara jogap tapmak netijesinde bolsa,ýene-de köp soraglar orta çykyberýär.

3+3=5 bolýar diýip,bizi ynandyrjak bolýanlar kimler?Tekiz ýerçilermi ýa togalak ýerçiler,dindarlarmy ýa ateistler?Belki biri 4 biri 5 diýip aýdýandyr.Hakyky 6 welin,düýpgöter bulardanam başgadyr.Şol ýeke-täk 6-ny tapmak diňe hakyky ylym adamlaryna başartjak zat.6-ny görüp duran ýagdaýymyzda-da 5 dogry diýmek arkaly bolsa,ne başgalara peýdamyz degýär,ne-de özümize peýda edip bilýäs.5-5 diýip gygyrp dünýäden ötüp gideris,6 welin şo durşuna galar.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir