Bu barada Türkmenistanyň bilim edaralarynda bilim işiniguramagyň wagtlaýyn tertibini düzgünleşdirýän resminamada beýan edilýär, diýipORIENT habar berýär.

Hususan-da, bilim edaralarynyň birnäçe girelgeleriwe çykyşlary bolmaly, arakesme wagtynda okuwçylaryň, talyplaryň wemugallymlaryň okuw edarasynyň çäginden daşary çykmaklary, okuw zerurlygy bilenbagly bolmadyk hereketleriň hemmesi çäklendiriler.

Okuwçylaryňata-eneleriniň we olaryň ornuny tutýan adamlaryň mekdebiň okuw binalarynagirmekleri çäklendiriler.

Başlangyç weýokary synp okuwçylarynyň aýratyn ýerleşmekleri ýola goýlar, zerur bolsamejlisler zallaryny, sport zallaryny we okuw otaglaryny bu meseläni çözmek üçinulanyşa taýýarlamaly we amatly howa şertlerinde sapaklar açyk howadageçirilmeli.

Bilimedaralary, öz şertlerine laýyklykda, bir salkyndan iki salkyna, zerur bolsa, üçsalkyna geçmeli.

Okuwçylarynyňsany köp bolan mekdeplerde okuwçy partalarynyň arasynyň 2 metr bolmagy we herbir okuwça (talyba) 5 inedördül metr meýdanyň düşmegi üçin synplar ikä bölünipokadylar.

Umumybilim edaralarynda okuw sagatlarynyň wagty 1-njisynplarda 25 minut, 2-4-nji synplarda 30 minut, 5-11-nji synplarda 35 minutbolar.

Her sapakdan soň arakesme 10 minut, ulyarakesme bolsa, 20 minut möçberde kesgitleniler. Şunda okuw maksatnamalarynyňmazmunyny we mugallymlaryň iş ýüklerini saklap galmak möhümdir.

Orta we ýokary okuw mekdeplerinde sapaklaryňdowamlylygy 40 minut, sapaklaryň arasyndaky arakesme 20 minut bolar.

Şunuň bilen baglylykda,Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine okuwçylary wetalyplary gyzzyrma ýa-da beýleki kesel alamatlary bilen izolirlemek üçin okuwjaýlarynda ýörite otaglaryň döredilmegine gözegçilik etmek tabşyryldy.

tmcars.info/news

Täzelikler, umitkhann tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir