Söýgi haçan başlaýa:
- haçan durmuş gurup bile ýaşaşan wagtyň biribiriňi sylap hormat goýsaň ana söýgi.
- Tutuş maşgalaň bilen üýşüp oturmak ana söýgi.
- Akja ýürekli eýjejik mähirlije çagajyk dünýä iner şonda şeýlebir duýgy dörär ana söýgi.
- Ene ataňa hormat goýmak dost ýarlarňy tanamak ana söýgi.
Meň pikirimçe ondan öň söýgi ýok. Meň özümä söýgiň nämedigni bilemok diňe pikirimi ýazdym. Öz başymdan geçenleri ýadyma salyp ýazdym. Söýdüm ýürekden söýdüm ýöne çenden aşa söýgi şeýlebir kör etýän eken welin tutuş ömriňi garaldyp taşlaýan eken.

@Mecnun  agza (http://talyplar.com/posts/31504 ) şul temaň tesbirinde dogry belläp geçdi.
,, gardaş bu dereje kop soyme bir gun ayrilirsan yureginde hiç bitmeyen yara galar"

Söýgi diýip ýalňyşmaň ýetginjek wagtyňyz ol bir wagtlaýyn duýgy. Söýgi bir mukaddesdir gören kişiňe seni söýýän diýip söýgi sözüni pese gaçyrma. Seni gowy gördim diý. Seni sulhum aldy diý. Ýöne söýýän diýme diňe ene ataňa sizi çyn ýürekden söýýän diýseňem az.
Söýgi nämedigni öňä düşündirip bilen adam ýok indem düşündirip biljek ýokmyka diýýän. Diňe öz pikirini aýdyp bilerler. Ol bir setirler bilen düşündirip bolmaýan duýgy.

Edebiýat, Tiko tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir