Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ýaşaýjysy Ajapsoltan Hajyýewa şu ýyl 120 ýaşady. 1900-njy ýylda doglan türkmen zenanynyň dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysydygy hakynda bellenilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Gazetdäki «120-ni arkalan...» atly makalada A.Hajyýewa barada şeýle maglumatlar bar: Ajapsoltan Hajyýewa 1900-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginde dogulýar. Ol ir mahallar daýhançylyk edipdir, dokma darak kakypdyr, öý işleri bilen meşgullanyp, mal-garalara seredipdir. Oba hojalyk işlerine gatnaşyp, obadaşlarynyň arasynda uly hormatdan peýdalanypdyr. Ýanýoldaşy Hajy aga ir gelen dert zerarly aradan çykypdyr. Uruş ýyllarynyň agyr günlerini gerdeninde çeken ene ýeke dikrary Atany hor-homsy durmuşda ýaşatmazlyk, ilbiri edip ýetişdirmek üçin hem eje, hem kaka ornunda durup zähmet çekipdir. Ata Hajyýew il içinde uly hormatdan peýdalanýan ogul bolup ýetişýär. Ata aga häzir 86 ýaşynyň içindebolsa-da, örän ýeňil gopýar. Ýanýoldaşy Täzegül eje bilen bagtly durmuşyň hözirini görüp, sag-gurgunlykda ýaşaýarlar.Ajapsoltan ene 120 ýaşyndadygyna garamazdan, häzirem aýak üstünde. Ol melleginde ekin-dikin ýetişdirýän agtyk-çowluklaryna armaçy bolýar, maslahat berýär. Onuň ogly Ata agadyr gelni Täzegül ejeden ösüp-örňän 12 agtygy, 67 çowlugy, 32 ýuwlugy bar.

Çeşmesi:turkmenportal.com

Täzelikler, Реалист01 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir