E.A.

Meýlis bugün işe höwessiz geldi. Kellesinde müň oý-pikirli oglan satanogy ters işledäýen bolsa nätjek!? Nämede bolsa onuň bu ýalňyşlygyny, başga işdeşleri synlap duran eken. Stanok ters işläp başlanyndan derrew ýetişip stanogy öçürdiler. Oglan tas elsiz, has gorkunjam ýarty göwresiz galjak eken. Alaka meňzeş adamlar her-ýerde bar, şeýle adamlaryň biri ylgap gidip başlygyna bu wakany buşlady. Başlyk bu zatlardan habarly bolup, Meýlisi iki-çäk gürrüňe çagyrdy. Meýlis gelip başlygynyň gapysyny kakanda, gapynyň aňyrsyndan:
-Giriň! - diýip ses eşidildi. Meýlis gapyny açyp otaga girdide sesini çykarman, başlygynyň inniki aýtjaklaryna garaşyp durdy. Başlyk bolsa gygyrjagynam, gynanjagynam bilmän öwşgünli äheňde:
-Hä Meýlis, gel, geç-otur! - diýip stuly görkezdi. Bu gürrüňiň gowluga däldigini aňan Meýlis, ýüzüni aşak sallap:
- Başlyk, tötänden boldy. Biraz başga zat barada pikir edäýipdirindä...
+Meýlis, düşünýän. Sen gowy oglan, özüňem päk-arassa. Namaz okamagam ýaňy başladyňdämi!?...
-Howwa başlyk, ertirimi okamagy öwrendim, nesip bolsa 5 wagtymam öwrenip okap başlaryn...
+Tüweleme. Sen kollektiwimiziň iň göreldeli işgäri diýsem men ýalňyşmaryn. Gowy işleýädiň, taňryýalkasyn. Ýöne Meýlis, gowy işleýädiňdä. A inni... Düşünýän mähriban ejeň dünýesini täzeledi, jaýy-jennetden, iman-äkidenden bolsun. Ýöne Meýlisjan, düşün "Öleniň yzynda ölmeli" diýilen zat ýoga. Tas elsiz, göwresiz galýadyňa. Eý şol işdeşleriň ýetişmedik bolsa sen iki bölek bolýadyň bilýäňmi!?...
- Düşündüm başlyk, inni gaýtalanmaz...
+ "Gaýtalanmaz" diýip eýýäm näçinji gezek, hasabynam ýitirdim. Saňa birzat bolsa bizi ondan-oňa süýräp soňundada türmä basarlar. Beýdip bize ýamanlyk etmedä!!! Boldy ýeterlik. Sen işden boş, addel-kadra barda dokumentleriňi al, hoş-saglykda görüşeli!!!...
- Başlyk beý diýmäň, haýşt meni işden çykarmaň. Gaýrat ediň. Beýtmäň... Başga çykalga bardyra...
+Jan Meýlis, özüň seredä. Şuwagda çenli gaýrat edip gezdigä. Meňem maşgalam-çagalam bar. Olary goýup seň üçin basylasym gelenok. Ejeň şeýdipýöreniňi görse oňlardymy? Ol näme diýerdi!? Onsaňam, ýekeje çykalga görýän. Işden boşadylmagyň. Besdir alkyş alyp bildik...
- Başlyk. Bu ýyldana opuskamy aldym. Inniki ýylyň hasabyna opuska gidäýeýin. Opuska gidip, durlanyp-saplanyp gelerin. Onsaň inniki ýyl opuska çykmarynam. Gaýrat ediň, maňa wagt gerek. Şuny bir bitiriň...
+Bolýa. Bolýa... Ýöne geleňde bu ýagdaýyň bolmasyn. Ýogsa işden çykmagyň güýjindedir...
-Sagbol başlyk. Taňryýalkasyn...
+Bolýa bolýa, bile-ýalkasyn. Bar öýüňize gaýt. 30 gün gowja dynj al - diýip başlyk oglany öýüne ugratdy. Meýlis başlygyň otagyndan çykyp eşiklerini geýip öýüne ýola düşdi. Bu gezekki işi agşamky smene düşenligi sebäpli hem ir gaýdanlygy sebäpli Meýlis agşam sagat 2 töweregi ýola çykmaly boldy. Öýi diýip ol oglanda öý hem ýok. Has-dogrysy öňki jaýlary ýazgyda durmanlygy sebäpli hökümet tarapyndan ýumruldy. Hiç-bir kagyzda ol jaýlarynyň belligi bolmanlygy sebäpli bolsa hökümet ýykan jaýlary üçin täze jaý hem bermedi. Şondada ruhdan düşmän Meýlis ejesi dirikä, bir ýerlerden kwartrant-alýanlary tapyp şolarda ýaşaberdiler. Inni oglan şol kwartrant jaýyna tarap ýolda. Bu agşamda ulag bolmanlygy sebäpli hem taksa münmeli, taksisiz ýol uzak. Ýaş-oglanda artyk-aşa pul bolmanlygy sebäpli taksada münmedi. Şeýdip garaňky köçelerden ýöräp gelişine ahyry birzada sataşdy. Koçäniň aňry gyrasynda biri ýatyr. Meýlis "Haý içglidirdä, belki toýda köpräk içendir. Innem öýüne ýol tapýandäldir. Gel muny ýoldanbir aňyrrak äkideýin. Birden içgili kellesine maşyna çolaşaýmasyn" diýip ol ýatanyň ýanyna bardy. Ol ýatan ulurak adam ekeni. Meýlis:
-Ýeri şunça içmek nämä gerek. Azyrak içseň bolanokmy!? Ýör. Ýoldan bir beýleräk süýş! - diýip ol adamy göterjek bolanynda ol adam yzaly:
-Ah-ahhhh-mmmm. Atdylar!!!...-diýip ýarasyny görkezdi. Meýlis hopugup ol adamy ýuwaşlyk bilen ýerde goýup, çaltlyk bilen skora-pomoşa jaň aýlajak bolanynda ol odam Meýlisiň eline ýapyşyp:
-Giç-giç, köp gan gitdi. Men ýaşamaryn. Oglum. Ine şuny al, ady E.A. Muny goragyn. Bu erbet adamlaryň eline düşse dünýä ahyr-zaman geler. Meň wagtym az galdy...
+Bolýa bolýa ýaşuly. Köşeşiň. Siz gymyldamaň. Häzir garaşyň...-diýip Meýlis ýene telefonyna ýapyşanynda ol adam oglanyň ýakasyndan tutup:
-Men ýaşamaryn, hemmesine habar edilen. Sen bar-git. Ýogsa soň senem süýrärler. Git.- diýip gygyryp Meýlisi itip göýberdi. Öň-hem gorkup duran oglan gorkanjyna ol adamyň beren gara zadyny alyp olýerden daşlaşyp ylgap başlady...

1-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Edebiýat, IDEALLIDER tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir