Metjitde baý bilen garyp bile namaz okap, doga etmäge başlapdyrlar. Baý bankrota düşüp barýan zawody üçin doga edip başlapdyr. Garybam"Huday jan, maňa bir jübit aýagap nesip et, bir aýakgabymam ýok"diýip doga edipdir. Bay oňa seredip, gaharlanypdyr. Jübisinden pul çykaryp: "Bar şuňa özüňe aýakgap al, Hudaýy güymeme" diýipdir.

Iki sany ýalta ishgär arzuw edýär.
Birinjisi:
- Hepde-de 5 gün dynç alyp, 2 gün ishlenilýän bolaýmala..!
Ikinjisi:
- Ol iki günem baýramçylyklara düşäýmelä..!

Kiçijek Marala daýzasy 1 manat berýär. Gyzjagaz sesini çykarman, puly jübüsine salýar. Muny görüp duran ejesi Marala: - Maraljan, daýzaña näme diýmeli? - diýýär. Maral sesini çykarmaýar. Onsoñ ejesi gyzyna kömek etmek üçin sheýle diýýär: - Kakañ maña pul berende men näme diýýän? Maraljyk birden batly seslenýär: - Barymy şu? - diýýär.

Ýol polisiýasy bir ulagy saklaýar:
- Sizi gutlaýan jenap, shu günüñ dowamyndaky barlaglarymyzda howpsuzlyk kemerini dakan ilkinji sürüjisiñiz. Shu sebäpdenem size üç million görnüshinde baýrak berýäris. Bu puly näme etmek isleýäñiz - diýip soraýar.
Sürüji:
- Derrew sürüjilik shahadatnamasyny aljak.
Ýol polisiýasy:
- Näme, siziñ sürüjilik shahadatnamañyz ýokmy? - diýýänçä, sürüjiniñ ýanyndaky aýal söze goshulýar:
- Siz muny diñlemäñ. Bu köpräk içse, samyrdaberýär. 
Polisiýanyñ gahary gelip ugraýar welin, arkadan bir ses eshidilýär:
- Men size diýmedimmi "ogurlyk mashynda gitsek, bashymyza bela geler" diýip.
Polisiýanyñ erbet gahary gelýär welin, ulagyñ bagazhyndan ses gelýär:
- Näme boldaý. Serhetden bir geçdikmi?

Bir uçarman dükana girip, satyjydan soraýar: -Sizde paraşut barmy?
Satyjy jogap berýär:
- Hawa, onda-da iñ gowsundan bar.
- Açylarmyka bir?
- Arkaýyn boluñ, açylar.
- Birden açylmasa näme?
- Aý, alada etmäñ, açylmasa çalşyp beräýeris

@Degişmeler programmasyndan toplap alan - Perhat Sabirovv
Mowzugy başga saýtlarda paýlaşmak gadagan!

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir