Günüň dowamynda iş ýerimizde, okuwda ýa-da öýde birek-biregimiz bilen gürleşenimizde, hoş sözleri ulanmak adama ruhy goldaw berýär. Bilip ýa-da bilmän, göwne degýän sözleri ulanmaklyk adama erbet täsir edýär. Beýle sözler psihologik tarapdan hem oňyn bolmadyk täsirini ýetirýär. Alymlar ynjydýan sözleri ulanýan adamyň gaharyny saklap bilmeýändigini aýdýarlar. Şonuň üçin hem:“Gaharly wagtyňyz geplemezlige çalşyň!” diýen ganatly sözden ugur almak gerekdir. Sebäbi, bir adamyň ýykylan göwnüni bejermek juda çetindir. Ynjydýan sözler çagalara hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Olaryň edýän hereketlerine erbet diýilmegi, özlerine bolan ynamynyň peselmegine getirip bilýär. Şonuň üçin alymlar diňe hoş sözleriň ulanylmagy adamlaryň arasyndaky dostlugy, agzybirligi artdyrýandygyny nygtaýarlar.

Çeşme - Zaman gazedi

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir