Hemmämiziň bilşimiz ýaly Türkmenistan ajaýyp form saýta mätäç.
Meniň üçin iň gowy türkmen form saýt Talyplar.com

Sebäpleri:

1-nji sebäp. Saýt 2007-den bäri diri 😃 Ýagny saýtda ýazan zatlaryň uzak wagtlap durýar.Elbetde başgada gaty gowy form saýtlar bar dizaýn we ş.m zatlary bu saýtdan iki esse gowy ýöne basym ýapylýar. Çalt ýapylýan gowy saýtlara zat ýazanyňdan uzak wagtlap ýapylmajak ýönekeý saýtlara mowzuk ýazanyň gowy meniň üçinä.

2-nji sebäp. Saýta köp telefonlardan ýeňiljek girip bolýar. Muny men barlap gördüm şu wagt satylýan prostoý kitaýski telefonlardan hem saýta girip tema açyp bolýar.Ýagny google girýän telefon bolsa şu saýtada girip bolýar

3-nji sebäp . Saýtyň admini saýty açypdyr we "Ýagşylyk et ,suwa at" diýen nakyla uýupdyr.Ýagny saýty açan adam men şu saýty açdym diýip öwnenip ýörenok ýada saýtda reklama etme diýip yrsarap ýörenok.

4-nji sebäp.Saýt ýeňil işleýär aňsatjak girip dürli temadaky mowzuklary okap bolýar.

Başgada sebäpler kän ýöne meniň üçin esasylary şular.Boldy besdir saýty gaty köp öwmäýin "Öwülen oglan öňe syçar" bolaýmasyn.

Täzelikler, Gerceknazar tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir