Getji Nurmagomedowyň iň esasy gowşak ýerini aýtdy
Amerikan türgeni Jastin Getji UFC-niň ýeňil agramdaky russiýaly çempiony Habib Nurmagomedow özüni aňrybaş göreşiji hasaplaýar diýip belledi. Onuň sözlerini Ria Nowosti getirýär.

Nurmagomedow – Getji tutluşygy 24-nji oktýabrda geçiriljek UFC 254 ýaryşynyň esasy wakasy bolar. Häzirki wagtda Getji UFC-niň ýeňil agramda çempionynyň wagtlaýyn guşagyna eýelik edýär.

«Meniň pikirimçe, Habibiň iň esasy gowşak ýeri — öz-özüni aňrybaş göreşiji hasaplamagydyr. Nurmagomedow diňe özüni hoşamaýlaýan adamlary töwereginde jemleýär. Eger-de siz bu barada oňa bolşy ýaly aýtsaňyz ýa-da şuňa üns beren bolsaňyz, onda ol muňa näme üçin ynanmaýandygyny oňat düşündirer» diýip, Getjiniň sözlerini MMA Fighting getirýär.

Öň habar berşimiz ýaly, Nurmagomedow Getjini oktagonda «gark etmegi» wada edipdi.
Nurmagomedow garyşyk göreş boýunça duşuşyklarynyň 28-siniň ählisini hem ýeňiş bilen tamamlady. Getjide bolsa MMA-da 22 ýeňiş we 2 sany ýeňliş bar.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir