JYN URAN PSIHOLOG LUKMANYÑ ÝATLAMALARY


Jynlar adamlara öz täsirini ýetirmekde aktiw rollary oýnaýandyrlar.
Jyn uran adamlaryñ akybetiniñ nähili gutarýandygyna biziñ köpümiz gözli şaýat bolandyrys. Jynlar bilen gatnaşyga geçen adam öz duşman saýýanlaryna, ýa halamadyk adamsyna erbet jynlary musallat edip goýberýär eken. Onsoñ şol jyn adamyñ kysmatyny, ýoluny, ruhubelentligini baglap eden işini bulaşdyryp gezer ýaly edýär eken.
Şonuñ üçin içiñizdäki daşyñyzdaky garyndaş, ýatlardan seresap bolup gezmelidir. Olaryñ köpüsi güler ýüz bilen toýuñda-baýramyñda gelip doga, jady, jyn musalladyny edip gidýändir welin ýollaryñ ýapylyp eden işiñ tersine bolup durýandyr.
Şolar ýaly ýoly baglanan adamlara kän gabat gelse bolýar.
Türkiýede bolsa bir psiholog lukmany özüniñ başyndan geçiren şowsuzlyklary hakynda gürrüñ berýär. Bu hekaýa halypa.ru (http://halypa.ru/forum/index.php?id=2517) internet sahypasynda ''Psiholog lukmanyñ başyndan geçiren paranormal wakasy'' ady bilen türkmen dilinden terjime edilip ýerleşdirilipdir. Şol hekaýada psiholog lukmany gürrüñi özüniñ başyndan geçirendigini ýatlap aýdyp berýär:
ㅡ Men professional psiholog lukmanydym, başyma gelen zatlary men size gürrüñ bermekçi bolýaryn. Men we ýanymda kömekçim Ebrar ikimiz Hassahanada öz kärimizi ýöredýärdik.
Emma günleriñ bir güni biz iki bolup iñ soñky goýberilen hassany kabul edip almaly bolduk. Ana şol hassadan soñ hemme zatlar başgaça boldy duruberdi. Ol hassanyñ ady on sekiz ýaşly Gülçindi. Emma bu hassa beýleki bejerip goýberen hassalarym ýaly sagaljaga meñzänokdy. Şeýdip men onuñ bilen gürrüñdeş boldum we onuñ gözüne görünýän zatlaryñ bardygyny añşyryp: ''Gyzym gözüñe bir bolmaly däl zatlar görünse, sen onuñ suratyny çekip ber...'' diýip haýyş etdim. Ol surat çekmäge durdy. Bir seretsem ol kagyzyñ ýüzüni garalypdyr. Men onuñ garalawajyny hapa atylýana atdym.
Iş wagtym gutaranda men öýe gaýtdym. Öýde aýalym Nazan we iki sany gyzymyz bilen bir maşgala bolup ýaşaýardyk.
Şol Gülçini kabul edip alanymdan soñra hem öýümde, hem işimde paranormal hadysalary başymdan geçirmäge başladym. Öýde maşgalam bilen uklap ýatjak wagtymyz bir gyz çagany görýärdik. Şeýdip bir gün ýatyrkamam Gülçiniñ keşbini gördüm.
Soñ ertesi işime baryp Gülçiniñ hapa atylan garalamalaryny yzyna çykaryp üns bilen seretsem onda hakykatdanam surat çekilipdir we düýşüme girýän şol gyz çaganyñ keşbi şu suratdaky gyz bolmaly diýip bildim. Men bu zatlara haýran galmak bilen çäklendim. Gülçine edilen terapiýalar, psihiki analizler gün geçdigiçe peýda bermän zyýan bermäge başlady.
Soñra Gülçiniñ ejesi gyzyny bu ýerden alyp gitmekçi bolýandygyny aýtdy:
ㅡ Lukman bu siziñ bejerip biljek ugruñyz däl, gyzymy molla okatmaga berjek!'' diýdi. Men bolsa dine ynanmaýardym, molla-işanlara asla ynanmaýardym. Soñra Gülçiniñ ejesine gyzy molla äkitmezligi tabşyrdym:
ㅡ Molla eltseñiz ol sizi aldap puluñyzy alar, gitmäñ...'' diýsem, Gülçiniñ ejesi:
ㅡ ''Ýok molla hak-pul aljak däldigini, sogap üçin etjekdigini aýdyp berdi ㅡ diýdi. Men garşy bolup durmadym. Ol Gülçini alyp ýola düşensoñ men hem olaryñ ýany bilen mollalara gidip görjekigimi aýdanymda ejesi garşy bolup durmady. Men şeýdip mollalaryñ öýüne bardym-da:
ㅡ Ine görersiñiz bu molla diýýäniñiz hiç zadam edip bilmez...ㅡ
Muny duýan molla bolsa gapydan girip:
ㅡ Meñ niýetim adamlary aldamak we hak almak däl-de ýagşylyk edip sogap gazanmak ㅡ diýdi. Men Gülçiniñ elinden çekip äkitjek wagtym ýere onuñ çeken suraty gaçdy. Molla bu suraty görüp:
ㅡ Muny sen çekdiñmi Gülçin? ㅡ diýip sorady. Men başymy atyp: ㅡ Hawa, Gülçin çekdi ㅡ diýdim. Molla menden:
ㅡ Sen muñ nämäniñ şekilidigini bilýäñmi!?
ㅡ Bu ýönekeý bir çekilen surat...
ㅡ Ýok, bu suratdaky Zuzula taýpasyndan bolan ''Murab'' diýilýän jynyñ şekili... Molla maña soragly gözlerini dikip maña:
ㅡ Siziñ öýüñizde, öz gözüñize bir gyzjagaz göründimi? ㅡ Men geñ galmak bilen: ㅡ Hawa görünýärdi ㅡ diýdim. Sebäbi mollanyñ aýdan zatlary gaty dogrudy. Molla maña
ㅡ Sen penjireden daşaryny synlap gör?
Onuñ aýdyşy ýaly penjireden daşaryk seretdim welin gara keşpli bir giden adamlar duran eken. Men bulary görüp gaty gorkdum-da:
ㅡ Molla aga bular kim?'' diýip soradym. Soñra Molla ýanymdaky kömekçim Ebrara:
ㅡ Senem seret gyzym, görünýärmi bir zatlar ㅡ diýdi. Ebrar penjireden daşaryk seretdi we ol hiç zat görünmeýändigini aýtdy. Soñ molla aga maña:
ㅡ Bu jynlar saña musallat boljak bolýarlar. Şonuñ üçin olar diñe saña görünýärler. Şu wagt olar Muraby äkitmäge geldiler biz olara Muraby bermeli ㅡ diýdi. Men oña:
ㅡ Molla aga biz olara Muraby nädip bereli? ㅡ diýip soranymda molla:
ㅡ Gülçini gusduryp jynyñ ölüsini çykarmaly - diýdi. Soñra bir bulgur suwy alyp bir zatlary okap Gülçine içirdi. Soñra Gülçin gusup itiñ çagasyna meñzeş zady agzyndan çykardy. Şol wagt molla bir zatlar okap aýnadan daşaryk şol mahlugy zyñanda ýañky gara jynlar elhenç gygyrmaga başladylar. Biz gulagymyzy elimiz bilen tutmaly bolduk, bolmasa olaryñ sesleri gaty aýylgançdy. Men:
ㅡ Men gitmekçi maşgalam, aýalym, çagalarym...'' diýenimde molla:
ㅡ Bu işikden daşary çyksañ seni jyn urar gowsy sen bu gün bärde ýatda ertir git...'' diýse-de men ony diñlemän daş çykdym. Maşynymyñ golaýyna ýetenimde öýde açarym galandygy ýadyma düşdi, şeýdip yzyma dolanmakçy boldum. Şonda yzyma gara düşýän ýaly boldy. Soñ öñümde gorkunç bir zady görenimde essim aýylyp özümden gitdim. Gözümi açsam mollam hemem kömekçim Ebrar ýanymda eken. Soñra molla:
ㅡ Men saña daşaryk çykma ㅡ diýdim-ä diýip gygyrdy. Soñam ýüz görülýän aýna getirip maña bakdyrdy. Seretsem ýüzüm, endam-janym göm-gök bolupdyr. Soñra birhaýukdan öýdäkilere jañ etdim, emma telefony alan bolmady. Men:
ㅡ Men nämede bolsa öýe gitmeli, maşgalamdan habar almaly'' diýsem, molla maña bir doga ýazyp berdi hem-de señ bu beýdip gidişiñ bir zadyñ üstünden elter. Onda-da sen seresap bol... - diýdi. Soñ öýden çykyp maşynymy otlap köçä çykdym. Öñümde bir topar adamlar çykmaga başlady. Olara şunça signal bersemem aýrylmadylar. Soñra maşyny birden saklanymda olar zym-zyýat boldular. Soñ öýe ýetip gelýärkäm bir zatlar barmaklary bilen öýüme yşarat edýärdiler we meni saklaýardylar. Ahyr soñ öýe gelip gapyny kakdym hiç kim açmady. Men gapyny döwüp içeri girenimde gözümiñ öñünde heleýim bilen çagalarym kerçelenip ödürilendigini gördüm... Soñ men özümden gidipdirin. Özüme gelsem polisiýa işgärleri meni maşgalamy öldürendigimi üstüme ýöñkäp meni türmä basdylar. Türmede iki ýyl bolup boşap çykanymdan soñ maña aklyny ýitiren diýip dälihana saldylar. Sekiz ýylym psiholog lukmanlaryñ göz astynda geçdi. A soñ bolsa akyl-huşumyñ ýerbe-ýerdigini aýdyp meni ol ýerdenem boşatdylar. Şeýdip bigünä türmede, hassahanada ençeme ýyllary geçirenimden soñ öýe bardym. Öýe birlaý göz geçirip çykanymda aýnanyñ ýüzüne Murab diýlen ýazgyny gördüm. Gülçin we ejesiniñ öýlerine bardym. Olar hem ýokdular. Ondan soñ mollalaryñ öýüne bardym, ol hem ýokdy. Kömekçim Ebrar bolsa şol wakalardan soñ daşary ýurda gidipdir eken.
Maşgalamy kimiñ öldürendigine degişli hiç hili yz, hiç hili maglumat ýokdy. Polisiýa işgärleri integem şol işi derñäp ýörüşleridi.
Häzir bolsa men Allaha ynanyp, Yslam dinine girdim we namazymy sypdyrman okaýaryn...''
  
 

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir