Nurmagomedow Getjini oktagonda “gark etmäge” söz berdi
Garyşyk başa-baş göreşiň rus göreşijisi Habib Nurmagomedow amerikaly Jastin Getji bilen boljak göreşini teswirledi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Öň, teswirçi Jo Rogan öz Instagramdaky akkauntynda Getjiniň türgenleşiginden wideony ýerleşdirdi.

“Jastin – gowy ýigit we meniň üçin tüýs ýerine düşen garşydaş. Ýöne haçan-da oktagon ýapylanda, ol diňe bir boksa taýýar bolmaly däl, çünki men Dastin Porýe ýa Toni Fergýuson däl. Men ony iň çuň ummana çümdürip, gark ederin” – diýip, Nurmagomedow Roganyň postunyň astyndaky teswirlerde ýazdy.

Iýulda UFC-niň prezidenti Deýna Uaýt Nurmagomedowyň Getji bilen urşunyň 24-nji oktýabrda geçiriljekdigini habar berdi.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir