Habib Nurmagomedow UFC 253 ýaryşynda çykyş etmez
Russiýaly göreşiji, UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony Habib Nurmagomedow 19-njy sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilen Absolýut göreş çempionaty (UFC) — 253-de çykyş etmez. TASS agentliginiň habar bermegine görä, bu barada türgeniň menejeri Rizwan Magomedow habar berdi.

UFC-253 ýaryşyny Abu-Dabide geçirmeklik meýilleşdirilýärdi. Turniriň esasy duşuşygy bolsa, Habib Nurmagomedow bilen amerikaly göreşiji Jastin Getjiniň arasynda bolmalydy.
3-nji iýulda Habibiň kakasy hem-de tälimçisi Abdulmanap Nurmagomedow koronawirus ýokanjyndan soň ýüze çykan çylşyrymlaşma zerarly 58 ýaşynda aradan çykdy.
H.Nurmagomedow soňky göreşini 2019-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda amerikaly Dastin Porýe garşy geçirip, titulyny goramagy başarypdy. H.Nurmagomedow 2018-nji ýylda UFC-niň çempiony bolmagy başardy. 31 ýaşly türgeniň ygtyýarynda 28 ýeňiş bolup, ol ýeke gezek hem ýeňilmedi.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir