Essalamalaýkum talyplaryň mähriban agzalary. Bugün 20iýul hepdäniň duşenbe güni.
Men bu günki mowzugymda dünýädäki bolup ýören täzelikler bilen tanyşdyrmakçy. Geliň onda başlalyň!!!

- Bolluwid ýyldyzy Aýşwariýa Raý hassahana girizildi
Bolluwid ýyldyzlarynyň biri Aýşwariýa Raý we gyzy Covid -19 ýokuşanlygy sebäpli Mumbaýdaky hassahanalaryň birine ýerleşdirildi. Bu barada ANI News habar berýär. Aýşwariýa Raýyň gaýynatasy Amitabh Baçjanda hem Koronowirus anyklanan. Wirusly infeksia sebäpli ýyldyzly maşgalanyň öýi ýapyldy. Şol sebäpli maşgalanyň hemmesi hem karantina alyndy diýip habar berýär ANI News.

- Hytaýa ýenede Koronowirusyň ikinji möwsümi gaýdyp geldi
Hytaýda soňky 24sagadyň içinde 22sany täze infeksiýa ýokuşanlar anyklandy diýip Sinxua agentligi habar berýär. Bu infeksia ýokuşanlaryň 17sanysy ýurduň içinden 5sanysy bolsa daşary ýurtdan gaýdyp gelenleriň arasyndan anyklanan.

- Afrika täze umman döreýänligi sebäpli iki bölege bölünýär.
Tektoniki daşlaryň jaýrylmagy sebäpli afrika yklymy ahyrynda ikä bölüner. Onuň bölekleriniň arasynda täze umman emele gelýär. Bu uzak geljekde bolup geçer, ýöne hadysa eýýäm başlady. Bu barada runews24.ru habar berýär.
Iki daş, çak edilişine görä, 5 ýa-da 10 million ýyldan soň jaýrylar. Ýöne bu geologiki hadysa 15 ýyl mundan öň başlady. Efiopiýa çölünde uzynlygy 56 kilometr bolan jaýryk peýda boldy. Bu Afaryň golaýynda bolup geçdi.

- Habibiň ýüregi ýaraly, ýöne ol Jastin Getži bilen söweşer.
Ýeňil agramda UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow kakasy ýogalandan soň guramadaky karýerasyny dowam etdirer diýip, söweşijiniň dolandyryjysy Ali Abdel-Aziz "TMZ" neşirine aýtdy. Muny Sputnik agentligi ýetirýär.
Maý aýynyň başynda Abdulmanap Nurmagomedow keselhana ýerleşdirilipdi, COVID-19-yň dowam edýän günlerinde onuň ýürek bilen bagly ýagdaýy hasam erbetleşipdi. 3-nji iýulda bolsa UFC ýyldyzynyň kakasy aradan çykdy.
Dolandyryjynyň sözlerine görä, Nurmagomedow 2020-nji ýylda Jastin Getži bilen söweşmegi meýilleşdirýär.
"Habib diňe bir kakasyny däl, eýsem, tälimçisini, terbiýeçisini, iň gowy dostuny hem ýitirdi. Habibiň kakasy bilen näderejede ýakyndygyna her kim düşünýär. Onuň ýüregi ýaraly, ýöne söweşini dowam etdirer, sebäbi kakasy oglunyň sportda üstünlik gazanmagyny we zehinini dünýä bilen paýlaşmagyny isleýärdi. Getžiniň munuň üçin iň gowy garşydaşdygyna ynanýaryn" - diýip, Abdel-Aziz belledi.
Jastin Getži 9-njy maýda Toni Fergýusony möhletinden öň ýeňip, ýeňil agramda UFC-niň wagtlaýyn çempiony diýen ada eýe boldy. Şeýlelikde, ol Nurmagomedow bilen ýüzbe-ýüz bolmaga ilkinji dalaşgäre öwrüldi. 31 ýaşly amerikaly pälwanyň garyşyk söweş sungatynda 22 ýeňşi we 2 ýeňlişi bar. Nurmagomedow bolsa MMA-da 28 gezek söweşe çykyp, ýeke gezek hem ýeňilmedi.

- Chelsi» Angliya kubogy finalda.
Chelsi kubogy ýarym finalda "Uembli" stadionynda (19iýul) Chelsi bilen Mançestir Ýunaýted ikisi garşydaş boldular. Şol sanda 3:1 hasapdaky ýeňiş Londandakylary finala alyp çykdy. Ýagny indi bolsa 1-nji awgust güni London derwisina güwäh bolarys.
Mançestir Ýunaýted vs Chelsi 1:3
Gollar uranlar bolsa: Jiru (45+11), Maunt (46), Maugyr (74 awtogol), Fernandesh (85).

Taýýarlan - Perhat Sabirovv

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir