Ispaniýa "La liga" çempionatynyñ 37-nji tapgyr oýunlary tamamlanandan soñ häli ýene bir tapgyr barlygyna garamazdan Real Madrid topary wagtyndan öñ öz çempionlygyny resmileşdirdi. Geçen tapgyrda öýinde Alfredo Di Stefano satdadionynda Vilyarreal topary bilen güýç synanyşan Madrid kluby 2-1 hasabynda ýeñiş gazandy. Edil şol tapgyrda çempionlyga esasy dalaşgär bolan Kataloniýanyñ Barselona topary öýinde Kamp Nou satdadionynda 1-2 hasbynda Osasuna toparyndan ýeñlişe sezewar boldy. Netijede Barselonanyñ çempionatdaky açkolar sany (79) özgermedi. Real Madrid bolsa bu barada açkolar sanyny 86 ýetirip  çempionlygy wagtyndan öñ resmileşdirmegi başardy. Real Madrid toparynyñ jan köýerlerini 34-nji La liga çempionlygy bilen gutlaýarys.

Netijler:
            Real Madrid 2-1 Vilyarreal
Benzema (29)                 Visente Iborra (83)
Benzema  (pen,77)

Stdadion: Alfredo Di Stefano
Baş emin: Alejandro Hernandez

              Barselona 1-2 Osasuna
Leonel Messi (62)       Hose Arnias (15)
                                          Roberto Torres (90)

Stdadion: Kamp Nou
Baş emin: Jose Sanches

38-nji tapgyr (19 iýul 23:50)
Leganes vs Real Madrid
Alaves     vs  Barselona

Sport, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir