GADYMY MÜSÜRDE DIK UÇAR (WERTOLÝET) BOLUPDYRMY?

Gadymy Müsür piramidalaryndaky suratlarda her tüýsli täsinlikler bar diýsek ýalñyşdygymyz bolmazdy. Şol täsinlikleriñ biri hem Müsüriñ Seti guburhanasynda me saña göze ilip duran dik uçar (helicopter - iñl.) we uçýan tarelkalaryñ göwrümine meñzeş şekiljiklerdir.
Şol şekillere Palimpest diýip at berilýär. Bu suratlardaky şekilleriñ bir gysymy Seti I döwründe, beýleki bir gysymy bolsa onuñ oglynyñ höküm edýän wagtynda ýazylandygyny www.habernediyor.com salgyly türk internet sahypasy habar berýär.
Bu suratdaky uçýan tarelka we dik uçara meñzeýän şekillere syn edeniñde dogrudanam şo döwürlerde uçýan tarelkalary, dik uçarlary müsürliler tarapyndan syn edilip tam ýüzüne şekili çekildimikä diýen soraglar ýüze çykýar. Ýa-da biziñ döwrümiz wagt gämisinde Gadymy Müsüre barypdyr we müsürliler tarapyndan biziñ dik uçarlarymyzyñ şekili çekilipdir diýen netijä gelesiñ gelip dur. Pikirlerden pikir dörär diýilşi ýaly her kim özüniñ pikirini hödürlemäge, mantykly düşünmäge haky bar.
Meniñ pikirimçe Iýerogliflere (şekiller) syn edeniñde olar bir suratçynyñ ýa-da bir ezberiñ el hünärine meñzeş.
Ýöne biziñ gürrüñi edýän zadymyz bu däl. Esasy gürrüñ şol syrly suratpisint iýerogliflerdäki dik uçar (wertolýet - rus.) şol döwrüñ ösen tehnologiýa siwilizasiýanyñ eseri bolmagy hem ahmal. Ýa-da bu bir tötänleýin bir meñzeşlik bolup biler. Muny takyklamak üçin wertolýodyñ ilkinji sapar ulanyşa haçan girizilip başlan wagty bilen gurburhananyñ haçan açylan wagtyny deñeşdirip soraga jogap tapyp bolardy. Taryhçylarymyz Müsüre baryp şol şekilleriñ üstünde bir az wagt iş geçirip, takyklyklary yzarlap ylmy işleri hem döredip bilerdiler.
Ýokardaky salgysy berilen internet sahypasyndaky makalanyñ awtory bolsa şol şekilleriñ tötänleýin bir meñzeşliklerden ybaratdygyny öñe sürýär.
Ýöne biziñ pikirimizçe döwrümiziñ üç sany ýasalan uçýan gämileriniñ üçüsiniñem bir ýerde tötänleýin şekillendirilmegi bolup biljek zat däl. Bu şekiller hakykatdanam ýa bir uçýan gäminiñ (UFO) ýa-da wertolýodyñ şekilleri bolmaly...

Çeçme:

https://www.habernediyor.com/m/yasam/antik-misir-da-helikopter-izleri-ve-bazi-cevaplar-h279.html

Tehnologiýa, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir