Sen gideniñ bäri her gün, meñ çep tarapym agyrýar EJE!!!

"EJE!" diýip, ýüzlenmegi şeýlebir küýsedim, EJE!!!

Señ mähriñi we söýgi doly ýüregiñi küýseýän EJE!!!

Gyş paslynyñ bir günäsi ýok EJE!!!
Sensizlik gaty sowuk.

"EJE" sözüni her gezek eşidenimde,
bir gyra geçip aglamak isleýän.

"EJEM" - diýip ganaýan bir ýürege
başga ýarañ agyrysy täsir etmez.

Bilýäñmi EJE, hemme zada öwrenişdim,
Bir sensizlige öwrenişip bilmedim.

Häzir ýanymda bolsañ, hiç zad diýmän, diñe dyzlaryña başymy goýsam EJE!!!

"Bir zat gerek bolsa hökman aýt"- diýerdiñ.
Maña sen gerek, indi men kime aýdaýyn EJE!!! 

Seni gaty küýsedim EJE!!! Ýatan ýeriñ ýagty, jaýyñ jennetden  bolsun!!!

Bu dünýäñ bar manysy, bar gyzygy sen ekeniñ EJE!!! İndi sensiz, manysy-da ýok gyzygy-da.

Häzir, ýanymda bolsañ, mähir bilen gujaklasañ, öpseñ, başymy sypasañ, gitmeseñ, mydama ýanymda galsañ.
ýöne... 

Ejäni söýmek jennedi söýmekdir.
Sebäbi eje jennede açylan gapydyr.
Seni gaty küýsedim, jennedimiñ gapysy!!!

Belki, wagt geçer sensizlige öwrenşerin diýdim.
Ýok men başarmadym, sensizlige öwrenişip bilmedim EJE!!!

Bir maşgalany bir-birine baglaýan sen ekeniñ EJE!!! Sen gideniñden soñ maşgalamyz dagady, her kim bir tarapa gitdi.

Haçan ýa-da nirede bolsa bolsun, "EJE" sözüni eşidenimde, gözüme ýaş aýlanýar, sen gözegme gelýäñ EJE!!!

Agla ýüregim agla, giden gaýdym gelmez yzyna. Agla gözlerim agla, Ejem basýan topragymyñ astynda.

terjime: Allaberdi T.Ç
çeşme:  pekgüzelsözler.com

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir