GADYMY GREK HEÝKELINDE HAÝRAN GALDYRYJY NOTEBOOK KOMPÝUTER ŞEKILI

ABŞ-daky J. Paul Getty muzeýinde sergilenen gadymy grek daşynda sünnälenip ýasalan şekil görenleri haýran galdyrdy.
Bu barada Türkiýanyñ gizemligerçekler.com. internet sahypasy habar berýär...
Wagt gämisinde häzirki zamandan gadymy eýýama düşen hasaplanylýan Notebook kompýuteri hakynda näme aýdarsyñyz?
Daşyñ ýüzüne sünnälenip çekilen şekilde Grek şazenany tagtda oturan ýerinde gyrnagynyñ getiren sowgatlyk notebook kompýuteriñ ekeran gapagyny açyp görýär.
Komplimasiýa teoriýasyna ynanyjylar ''Başga planetalylaryñ ugradan ýa-da häzirki döwürden gadymy gresiýa düşen kompýuter'' diýip düşünseler, taryhçylar onuñ ''Ýer şarynyñ kartasyny görkezýän mehanika ýa-da depderdigini'' öñe sürýärler.
Bu gadymy şekil Gresiýa degişli tapyndy bolup biziñ döwrümizde ulanylan oturan ýerimizde dyzda goýup oýnaýan kompýuterlerimize meñzeýär.
Notebook kompýutere meñzeş enjamyñ gyrasyndaky deşijekler hem USB ötürilýän deşijeklere meñzeş. Bu suratyñ sosial saýtlarda paýlaşylmagy bilen köpleriñ ünsüni özüne çekdi. Her dürli pikirdäki adamlar: ''Başga planetadan gelen gelmişekler kompýuter tehnologiýasyny gadymy Gresiýa ugradypdyrlar'' diýýärler. Emma alymlar daşdaky heýkelpisint şekildäki bu geñ-tañ sowgatlygyñ şol döwürde ulanylan hasap mehanikasy ýa-da mumdan edilen bir depder bolandygyny aýdýarlar.
Biziñ pikirimizçe sowgat edilen bu zat gapyrjakdaky haýsydyr bir gymmatbaha altyn-kümüşi gyrnak öz şazenanyna edep bilen görkezip dur. Şazenan bolsa elleri bilen şeýle gymmatly hazynany synlaýar.



Çeşmesi:

http://www.gizemligercekler.com/antik-yunanda-laptop-var-miydi/

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir