Ilkinji milliarder futbolçy
“Ýuwentus” toparynyň super ýyldyzly, portugaliýaly futbolçynyň şu wagta çenli gazanan girdejisi 1 milliard dollara ýetdi. Bu barada Forbes žurnaly habar berýär. Şeýlelikde, super ýyldyz 1 milliard dollar girdeji gazanan ilkinji futbolçy boldy. Ronaldodan öň diňe 2 türgene 1 milliard dollarlyk girdeji gazanmak başardypdy. Olar amerikaly türgenler – golfçy Taýger Wuds bilen boksçy Floýd Meýwezerdir. 35 ýaşyndaky Ronaldo häzirki wagtda-da dowam edýän 17 ýyllyk futbol karýerasynda klublardan jemi 650 million dollar möçberinde hak aldy. Onuň gazanan galan 350 million dollary bolsa, mahabatlardan gelýär. Instagram, Twitter ýaly sosial media ulgamlary boýunça-da iň köp muşdagy bolan Ronaldo “Forbesiň” golaýda yglan eden täze sanawynda Rojer Federerden soň, 105 million dollar bilen 2-nji ýeri eýeläpdi.

Sport, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir