AÝ BILEN GÜN TUTULSA...


Dünýä döräp adamzat nesli köpelip başlan wagtlaryndan bäri olaryñ ünsüni çekip gelýän geñ-tañsy zatlaryñ biri hem Aý-bilen Günüñ tutulmagy bilen baglanyşykly ynançlar bolsa gerek.
Aý bilen Günüñ tutulmagyny ýazga geçiren ýazyjylardyr taryhçylar şol wagtky ýüze çykan hadysalardyr wakalary hem ýazga geçiripdirler welin şeýle ýagdaýlary okap geñ-galanyñy duýman galýarsyñ!
Meselem taryhda ýatlanylyp geçilen bir wakany ýatladaýyn.
Ýagny B.e.öñki 590-585-nji ýyllar aralygynda Lidiýa bilen Midiýanyñ arasynda uruşlar bolupdyr. Şol uruşlaryñ bir güni, ýagny 585-nji ýylyñ 28-nji maýynda iki tarap sap düzülip uruşaýmaly bolup durkalar birden hemmeleriñ gözi gök-asmandaky Güne dikilipdir. Çar tarap garalyp Gün tutulupdyr welin iki tarapyñ goşuny bu hadysadab gorkup ýaraglaryny taşlap yza çekilipdirler.
Hatda käbir gadymy gul-eýeçilik gurluşly döwletleriñ käbirinde Aý bilen Günüñ tutulmagyny halklary ýa gullary ''Tañrylaryñ gahary'' diýip ynandyrypdyrlar.
Añ-zehiniñ ösüp ylym-bilimiñ kemala gelmegi bilen alymlar we astronomlar Gün bilen Aýyñ tutuluş hadysasyny anyklamagy başarypdyrlar.
Haçanda Ýer aýlanyp Gün bilen Aýyñ aralygyna geçende Aý tutulýar eken. Eger-de Ýer bilen Günüñ aralygyna Aý aýlanyp girse hem Gün tutulýar eken.
Bu ýagdaýlar gadymy döwürlerde bolup geçenem bolsa häli-häzirlerem Aý bilen Günüñ tutuluşyny görüp gorka gaplanýan adamlar hakynda welin näme aýtjak!
ㅡ Men ýañy-ýakynlarda ýaşulylardan ''Gün tutulsa sadaka bermeli'' diýendiklerini eşitdim. Sebäbi Günüñ tutulmagy umuman oñlananok.
Ýurdumyzda welin şu ýylyñ Iýun aýynyñ bäşine (05.06.2020) sagat 00:27-de Aýyñ tutulmagyna garaşylýar. Eger Halkalaýyn Günüñ tutulmagynam göresiñiz gelse şu aýyñ 21-ine sagat 11:16 minutda (21.06.2020) bolup geçmeli.
Aý bilen Günüñ tutulma hadysalaryñ bolup geçmeli wagtyny Türkmen astronomy Hojamuhammet Meläýew özüniñ Ylym neşirýatynda 2004-nji ýylda çykan ''Syrly Älem'' atly kitabynda belläp geçipdi.



Çarymuhammet SUGTYÝEW

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir