Arabystanyň syýasy-ykdysady ýagdaýy, ilatynyň dini garaýyşlary. Geografiki tarapdan Arabystan Aziýanyň we Afrikanyň güýçli döwletleriniň arasynda ýerleşipdir. Onuň goňşulary bolan Wizantiýa we Eýran ýaly döwletler Arabystana garşy göreşi gitdigiçe güýçlendiripdirler. Sebäbi VI asyryň içinde Mekge şäheri Gyzyl deňziň üsti bilen Afrika ýurtlary bilen söwda aragatnaşygyny saklapdyr. Ortaýer deňziniň kenaryndaky ýurtlardan Hindistana we Hytaýa gatnaýan söwda kerwenleri hem Hijaz welaýatynyň içinden geçip gider ekeni. Bu harytlar Hijaz täjirlerini we söwdagärlerini baýadypdyr, ýurduň, halkyň hojalyk we hal-ýagdaýyny gowulandyrypdyr. Emma goňşy döwletleriň her Itiri kerwen ýollarynyň Arabystanyň üsti bilen däl-de, öz ýurdunyň içi bilen geçmegini isläpdirler. Yurdy goňşy ýurtlaryň çozuşyndan gorap saklamak üçin dagynyk arap taýpalaryny birleşdirip, bitewi arapdöwletini döretmeklik gerekdi. Agzala, dagynyk ýaşap ýören arap taýpalarynyň bitewi bir dini hem ýokdy. Her tiräniň we taýpanyň öz çokunýan hudaýy bolup, köp hu- daýlylyk höküm sürüpdir. Şu ýagdaý arap taýpalarynyň birleşmesini, basybalyjylara bilelikde garşylyk görkez- meklerini kynlaşdyrypdyr. Şonuň üçin köp hudaýlylyga bolan ynamy bes etmek, ýeke-täk bir hudaýa uýmaklyk esasy mesele bolup durýardy.

Yslam dininiň döremegi. Arabystanda yslam dinini esaslandyran Muhammet pygambbr bolupdyr. Hezreti Muhammet 570-nji ýylda Arabystanyň Mek- ge şäherinde araplaryň kureýiş taýpasynyň haşym urugynda ýönekeý maşgalada dünýä inýär. 01 ir ýe- tim galýar. Muhammet entek dünýä inmänkä kakasy Abdylla, alty ýaşyna ýetende bolsa ejesi Emine aradan çykýar. Mundan soň Muhammedi atasy Abdyl Muttalip öz ýanyna alýar. Emma ol hem köp ýaşaman, iki ýyl- dan soň ýogalýar. Indi Muhammede onuň kakasynyň dogany Abu Talyp hossarlyk etmeli bolýar. Ýaşajyk Muhammet agasynyň çekenesini bakypdyr. Ýetginjek ýaşlarynda Mekge şäheriniň baý täjirleriniň biri bolan gelejekde ýan ýoldaşy boljak Hatyja enemiziň söwda işlerini alyp barypdyr. Goňşy ýurtlara gidip Hatyjanyň söwda-satyk işlerini berjaý edipdir. O1 Hatyjanyň tabşyran işlerini ak ýürek bilen ýerine ýetirip, päk zähmet çekipdir. Onuň oňat häsiýeti, başarjaňlygy Hatyja ýarapdyr. Hatyjanyň özüni sylap-hormatlaýşyna, özüni alyp barşyna Muhammediň hem syny oturypdyr. Bu duýgular Muhammet Pygamberiň Hatyja öýlenmegine getiripdir. Muhammet pygamberiň dört gyzy – Zeýnep, Rukyýa, Ummü Gülsüm, Patma we üç ogly – Kasym, Ybraýym we Abdylla bolupdyr. Muhammet Pygambere Pygamberlik 40 ýaşynda, öz önüp-ösen ýeri bolan Mekgede 609-610-njy ýyllarda berilipdir. Ol ähli zady ýaradan bir Alla ynanmagy öňe sürüp, wagyz-nesihat etmäge başlapdyr. Emma Mekgäniň ilatynyň aglabasy Muhammediň ündeýän täze yslam dinini goldamandyrlar. Ýagdaý barha ýitileşipdir. Muhammet pygamberiň tarapdarlarynyň üstünden gülüpdirler, köçelere çykanlarynda kesekläpdirler, täze dinden dänmeseler, heläk etjekdiklerini duýduryp, olaryň kastyna hem çykypdyrlar. Muhammet pygamber azar beriljegini bilip, özüni goldaýan kiçiräk topar bilen 622-nji ýylda Mekgeden Medinä göçýär. Şol ýyldan başlap musulmanlaryň ýyl hasaby – hijri ýyl hasaby ýöredilip başlanypdyr. Medinäniň halky täze dini goldapdyr we ony ýaýratmaga kömek edipdir. Muhammet Pygamber Medinede täze dini jemagaty döredipdir. Pygamberiň esasy wezipesi Mekgäniň, ähli Arabystanyň we beýleki ýurtlaryň ilatlaryny yslam dinine çagyrmak bolupdyr. Medine bilen Mekgäniň arasynda sekiz ýyllap dyngysyz uruş gidipdir. Netijede, 630-njy ýylda Mekge boýun egipdir. Şundan iki ýyl geçensoň, 632-nji ýylda Muhammet pygamber Medinede dünýäden ötýär. o1 şol ýerde-de jaýlanýar. Pygamber ýogalandan soň, Mekgede häkimiýet onuň eindeşlerine – halyflara geçýär.

Muhammet pygamberiň egindeşleri – ilkinji halyflar. Muhammet pygamber dünýäden ötenden soň, halyflyga onuň iň ýakyn egindeşleri geçýärler. Halyf arapça mirasdüşer, orunbasar diýmekdir. Ilkinji halyflar Ebu-Bekir, Omar, Osman we Aly bolupdyrlar. Türkmenler olara «Dört çaryýarlar» diýýärler.

Muhammet pygamberiň iň ýakyn egindeşi, ýakyn maslahatçysy hem gaýynatasy Ebu-Bekir (632-634 ý.) birinji halyf bolupdyr. Ebu-Bekir Muhammet pygamberiň duşmanlary tarapyndan yzarlanan wagtlaram, Mekgeden Medinä göçüp giden wagty hem, onuň ýanyndan aýrylmandyr. O1 Muhammet pygamberiň aýaly Äşäniň kakasydyr. Ebu-Bekir iki ýyl halyf bolýar. Emma şol iki ýylyň içinde yslam dinini Arabystanyň öz içinde ymykly ornaşdyrýar we 634-nji ýylda 66 ýaşynyň içinde aradan çykýar.

Ebu-Bekirden soň, Omar (634-644 ý.) halyf bolup geçýär. O1 görnükli döwlet işgäri, yslama ak ýürekden hyzmat eden, garyp-gasarlaryň tarapdary, zalymlara garşy duran, adyl hökümdar bolupdyr. O1 yslamy ornaşdyrmakda netijeli işleri bitiripdir. Omar 644-nji ýylda bir gul tarapyndan öldürilýär. Ü

çünji halyf Muhammet pygamberiň giýewisi Osmandyr (644 – 656 ý.). Osman halyflyga 70 ýaşlarynda saýlanyp, 12 ýyl häkimlik edipdir. Onuň döwründe arap halyfaty has giňelýär we uly döwlete öwrülýär. Omar Muhammet pygambere iberilen Kuran sürelerini we aýatlaryny ýygnadyp bir ýere jemläpdir. Hezreti Osman olary doly gözden geçirip, VII asyryň 40-njy ýyllarynyň ahyrlarynda bitewi bir kitap halyna getirip, Kuran kitabyny halka ýaýradýar. Emma hezreti Osman hem 656-njy ýylda dildüwşüjileriň elinden heläk bolýar.

Dördünji halyf Muhammet pygamberiň doganoglany we gyzy Patmanyň adamsy hezreti Aly bolupdyr. 01 (656-661 ý.) 6 ýyl halyflyk wezipesini ýerine ýetiripdir. Bu döwürde paýtagt Medineden Yrakdaky Kufe şäherine geçirilipdir. Alynyň halyflyk eden döwründe häkimlik ugrunda özara göreşler bolupdyr. Hezreti Aly 661-nji ýylda Kufe şäherindäki metjitleriň birine girip barýarka haryjylaryň biri ony agyr ýaralaýar. Şol ýaradan hem Aly aradan çykýar. Alynyň atabraýy ölenden soň has hem ýokary göterilipdir. O1 baradaky gürrüňler rowaýata öwrülipdir.

Aly aradan çykandan soň, musulmanlar şaýylar we sünnüler diýen iki uly topara bölünýär. Aly musulmanlaryň arasynda batyr, gahryman adam hasaplanylýar. Şuňa görä ol «şahymerdan» – «mertleriň patyşasy», «esedulla» – «Allanyň şiri» lakamlaryny göteripdir. Alynyň yzyny onuň ogullary Hasan bilen Hüseýin ýöredipdirler. Emma Alynyň ogullarynyň garşysyna omeýýatlaryň neberesi häkimlik ugrunda göreşip, halyflygy olaryň elinden basyp alýarlar.

Omeýýatlar VII asyryň 60-njy ýyllaryndan başlap, tä VIII asyryň 50-nji ýylyna çenli halyfaty dolandyrýarlar. Abbasylardan bolan halyflar bolsa 1258-nji ýyla çenli, ýagny mongollaryň basybalyşlaryna çenli halyflygy dolandyrýarlar.

Bilim, 12 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir