Mömin bolan müňkür bolmaz sözüme,
Jepbar bu jahany,gör,harap eýlär.
Çoh närseler geler geçer gözüme,
Bu dünýäni bet-bet kär harap eýlär.

Işi rowaç tapar bet iş tutanyň,
Dilegi duş gelmez hak diýip ýatanyň.
Ýer ýüzünde bolar güýç-güýç ýeteniň.
Jahany zulum ile zor harap eýlär.

Ylma uýmaz,derwüşleri jet bolar,
Ýok işler ýol bolar,bar iş bet bolar,
Şerigat nist bolar,bet iş set bolar,
Ülkäni bir niçe töwr harap eýlär.

Balhy bugz derdi,Nişapury - daş,
Amman şährin derýa,Barsany-ataş,
Medinäni açlyk,Mekgäni - hebeş,
Hyrat,Kandahary mar harap eýlär.


Rum şährin eýleýir sagyka harap,
Ýemen,höwlaj (?) ýykar, Mosulny-agrap,
Küfäni türk bozar, Bagdat şährin - ab,
Reý ülkesi dilnip,ýer harap eýlär.

Sözüme gulak biýr akyl hemişe
Termize tagun düşer,renj şähri-Kişe,
Öwlady-Sufýanda ady Gumyşa (?)
Yspyhany sahyp kär harap eýlär.

Samarkandy kybty ýygylar, bek basar,
Buhar şährin nan gytlygy türk basar,
Sarahsy merk bozar,Merwi rik basar,
Şirazy türk, çogan mur harap eýlär,

Kaşgary,Hotany käfir hind eger,
Hytaýa asmandan kejdumlar ýagar,
Her kejdum tiwe dek bir-birge deger,
Hindistany ahu-zar harap eýlär.

Aden şahy etgeç Lohary azmy,
Gaýdyp ýurdun tapmaz,dagmy ýa düzmi,
Aby-Jeýhun harap eýlär Horezmi,
Etrapda her mülk,kim, bar - harap eýlär.

Darganyň şährine gökden ses geler,
Ol bir ýowuz sesdir, eşiden öler,
Bulgaryň şährini ol ors alar,
Orsy Deçjal bile nar harap eýlär.

Magtymguly, her kim diňlese jandan,
Bu işler öň geler ahyrzamandan,
Mäti ýerden çykar, Isa asmandan,
Deçjaly ol iki är harap eýlär.

Magtymguly Pyragy.

Çeşme:Bagyşla bizni
SSSR döwründe çap edilmedik goşgylar ýygyndysy.
Aşgabat ,,Altyn guşak'' neşirýaty 1990ý.

Edebiýat, mertogly tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir