Öleniňden soňra täzeden direlmegiň hakdygyna ynanmak

Kyýamat gopandan soň, ähli zat ýok bolar,hiç bir janly-jandar diri galmaz. Diňe Allatagala baky galar. Bu ýokluk belli bir wagt dowam edenden soňra, Allatagala Ysrapyl perişdä "Sur" atly surnaýy ikinji gezek çalmagy buýrar. Surnaýyň ikinji gezek çalynmagy bilen birlikde adamlaryň bedenleri täzeden ýaradylyp, berzah älemindäki (ruhlaryň adam öleninden soň kyýamata çenli saklanýan ýeri) ruhlar bedenlerine dolanyp, adamlar täzeden direlerler.
Gurhany kerimde ölümden soň täzeden direlişiň boljakdygy barada şeýle diýilýär: " Ynsan: "Ölenimden soň direldilip (guburymdan) çykarylarynmy"? diýer. Eýsemde ynasan Biziň ony ozal hiç bir barlyk dälkä ýaradanymyzy (ýokdan bar edenimizi) ýadyna salmaýarmy?!" ( Merýem süresiniň 66-67 nji aýatlary). " Öz ýaradylşyny unudyp: "Bu çüýrän süňkleri kim direlder?" diýip, Bize mysal getirene aýt, ony ilkinji gezek ýokdan bar eden direlder. Çünki Allatagala ýaratmagyň ähli görnüşini bilýär" ( Ýasyn süresiniň 78-79 njy aýatlary.

Çeśme: Dostluk.ru saýty Yunus...

Bu mowzugy paylashmagym sebàbi pikirleriñizi bilmek isledim, Hany onda Kommentariyada

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir