Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Bu sahypada, umuman, örän oňat zatlar, ýazgylar, hekaýalar, goşgylar, degişmeler we ş.m. mowzuklar açylýar, elbetde, bu örän oňat. Ýöne kämahal biedep degişmedir ýazgylar hem örän adaty ýaly ýazylýar. Ynha, şuňa welin düşünip bilemok, şol sebäpli-de şahsy närazylyk bildirýärin! Birahat bolýaryn! Mysal hökmünnde \"degişmeler\" mowzugyndaky köp sanly biedep degişmeler görkezilip biler. Näme, şolarsyz güldürip bolanokmy?! Eger oňatja degişme ýazylmagyny isleýän bolsaňyz: 1-Özümiz oňat görelde bolalyň (özümiziň goşulmagymyz welin has erbet); 2-Jogapkärler, şeýle biedep ýazgylara rugsat bermäň, bildiriň; 3-Ýene-de diňlemän ýazanlaryň şol edepsiz ýazgylaryny aýyryň; 4-Allahdan, Hz.Muhammedden(SAW) we şu ýerdäki asylly gyz-oglan agzalardan utanyň we şoňa görä boluň! Halys bolupdyr-a kä ýerlerde şu ýagdaý! Näme üçin şeýle edýärsiňiz?! Wagty gelende, şeýle puşmn bolarsyňyz şol ýazgylary ýazyp, sebäp bolan kä ýagdaýlaryňyz üçin, ýöne giç bolup biler, bu babatda 7 ölçäp, 1 kesiň, ahyryn! Adminlerden haýyş, şeýle bolgusyz degişmeleri ýok edip aýryň, aýratynam, bilden aşak baradaky ýazgydyr degişmeleri! Birahat bolýan agzalary pikir ediň! Bu barada öňem köp aýatdyr hadyslar goýlupdy, söz gözelligi we dürüstligi barada, ýene-de ýatladyp oturmaýyn! Biribar haky we razylygy üçin, haýyşymy ýerine ýetiriň, jogapkär jigilerim! Allah sizden razy bolsun we Öz penasynda saklasyn hem-de Öz razylygy üçin eden amallaryňyzda, okuwlaryňyzda we işleriňizde başarnykly etsin! Salam we dileg hem-de: \"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!\"

Köneler, ata tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir