Balak geýýän zenanlara yslamyñ hökümi

Balak geýýän arap ýa-da ajamy zenanlar şeýle diýýärler: ''Biz etekli köýnek geýsek araplaryñ (arap adamlaryñ uzyn etekli köýnek geýýänleri üçin) köýneklerine meñzeýär. Şonuñ üçin biz giñ balaklary geýmeli bolýarys''.
ㅡ Arap erkekleri entari geýýärler, etekli köýnekler geýenoklar. Bu üýtgemekligiñ sebäbi bolsa gerek.
Galyberse-de dinimiz yslam dini zenanlara balak geýmekligi ündänok. Ýöne her kimiñ islegine, erkine görä gezmäge haky bar, muña hiç zat diýemizok. Ýöne yslamyñ hökümi şeýle.
Bu hakda yslam çeşmeleriniñ ygtybarly hadyslary näme diýýär:
ㅡ Aýal eşigini geýen erkege, erkek eşigini geýan zenana nälet bolsun! [Hakim].
ㅡ Erkege meñzemäge çalyşan zenan, zenana meñzejek bolýan erkek bizden däldir (Muhammet s.a.w. ymmaty däldir)! [Ahmet].
ㅡ Heleý ýaly ýürege düşýän erkege, erkek ýaly ýürege düşýän, iññirdeýän zenana nälet bolsun! [Buhari].
Hezreti Äşeden (Alla ondan razy bolsun) ''Zenan (erkege mahsus) köwüşleri geýermi diýip soranlarynda, ol: ''Zenanlardan erkekleşýänlere Muhammet s.a.w. nälet okady'' diýip jogap beripdir.

Rawi, Ibnu Ebu Muleýke. Çeşme: Ebu Dawud. Liwas. 31/4099.

(ertir.com arhiwinden)

Sorag-jogap, Jeksparro tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir