Jyn taýpalary
Jyn taýpalary hakda bilesiñiz gelýärmi? Onda geliñ!
ZUZULA:

Iñ gorkunç jyn taýpasydyr. Bu jyn taýpasyna "şeýtandan soñ ikinji erbet barlyk"diyilýär. Zyýanly we azgyndyrlar. Merhemet we yüregi ýukalyk duýgulary olarda ýokdur.Birnäçe gorkunç hadysalara yol açyp bilerler. Olary çagyrmak örän kyndyr.Zuzulanyñ musallat bolmagy köplenç ölüm bilen gutarýar. Olar hakda aýdylanda bu jynlar Tanzaniýanyñ Metaniza şäherinde ýaşaýarlar diýýärler. 66-lyk san olaryñ nyşanydyr.

ÝAKAZA:

,,Garabasan"diýilip tanalýan iñ gorkunç jyn taýpasydyr. Zyýanlydyr,adamlary halamaýarlar. Köplenç hapa ýerlerde ýaşaýarlar. Hezreti Süleýman pygamberden başga hiç kim olary boýun egdirip bilmändir.

JÜHENNA:

Jynlar äleminiñ iñ zalym we iñ howply jyn taýpasydyr. Adamlary halamaýarlar,iñ ýigrenýän zatlary adamlardyr. Ähli adamlaryñ gorkdugy we jynlaryñ hem öz aralarynda halanylmaýan taýpasydyr. Özleri ýaly zalym adamlar bilen duşuşyp olaryñ gözüne görünip,olara jadygöýlükde kömek etýärler. Ýöne razylaşañyzda olaryñ diýenlerini etmeseñiz, size we maşgalañyza mussalat bolup bilýärler.

NUSAÝBIN:

Jynlar äleminde ilkinji musulman bolan jyn taýpasydyr. Muhammet pygamberden(s.a.w) kuran diñläp,musulman bolan jyn taýpasydyr. Öran güýçli jyn taýpasydyr.

KULÝAS:

Juhenna taýpasy ýaly bular hem zalym, ar alyjy, jyn taýpasydyr. Erbet niýetli we kapyrdyrlar. Musallat bolan adamlaryny,öz taraplaryna çekýärler. Pygamberlerden başga ähli adamlaryñ şekiline girip bilýärler.

ESAB

Gorkunç we howply jyn taýpasydyr.Köplenç kirli we hapa ýerlerde bolup,adamlaryñ we haýwanlaryñ täretleri bilen iýmitlenýärler.

BABIL

Iñ ýyrtyjy jyn taýpasydyr. Ynsanyñ tenine, synasyna, etine täsir edip bilýän ýeke täk jyn taýpasy diyilip bilinýär. Ynsanlar bilen jynsy gatnaşyga girip bilýän jynlardyr.

ÜMMÜ SÜBÝAN

Arapçada ,,Çaga enesi" manysyna gelýär. Rowaýata görä:bu taýpadaky jynlaryñ ählisi howply zenan jynlarmyş. Göwreli aýallara musallat bolup,olaryñ çagalaryny düşürjek bolýarlar. Şonuñ üçin ýañy dogulan çagalary ýeke goýmaly däldir. Köplenç hem täze çagasy bolan aýallara musallat bolýarmyş. Täze dogan çaganyñ gulagyna azan bilen kamat okatsañ, ümmü subýan jyn çaganyñ golaýyna gelip bilmezmiş. Jyn taýpalary diñe bular däldir, 88 sany bu jynlaryñ nyşany bolmak bilen, 88 sany jyn taýpalary bardyr...

DENAHEŞ:

Köp ygýan jyn patyşasy.Taýpasyndaky jynlar adamlara gallyusinasiýa,we adamyñ aklyna waswasy bermek güýjine eýedirler. Hakyky ýüzüni hiç kim gören bilmändir!

FEKAJYN MÄMET:

Çagyrylanda basymjak gelýän jyn patyşasy.Ähli arap kitaplarynda ady agzalyp geçilýär.Musulman jynlaryñ patyşasy!

KEMTEMIN:

Iñ gorkunç ýüzli jyn patyşasy.Çagyrylanda köplenç gorkunç ýüzi bilen gelýär!

MAZERIN:

Arap ýarymadasynda 4 sany uly jyn patyşalarynyñ biri. Söweşjeñ keşbi bar. Güýçli we uly goşuny bar, çagyrylanda edil tabyt göterilýän ýaly dört egninde ony göterýän hyzmatkärleri bilen tagtyñ üstünde gelýär!

SENIK:

Güýçli jyn patyşasydyr. Ifritlerden (iñ güýçli we gorkunç kapyr jynlar) düzülen goşuny bardyr. Ýaşaýan mekany Arap ýarymadasydyr. Tagtynyñ üstünde oturan orta ýaşlaryndaky adam keşbindedir!

TEÝKEL:

Arap ýarymadasyndaky birinji güýçli jyn patyşasydyr. Güýçli jyn goşunyna eýedir. Hyzmatynda daglar ýaly jynlar bardyr. Bu jyn patyşasy 4 sany elementlerden (suw,howa,toprak,ot) meýdana gelip,köplenç ýagdaýda islese,adamlaryñ gözüne görünip bilýär!

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir