16-njy iýulda takmynan irden 7 sagat 20 minut töwereklerinde Aşgabat şäheriniň 10-njy mikroraýonynda gaz bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaý ýüze çykdy. Has takyk edip aýdanymyzda kiçijik partlama emele geldi. Bu heläkçilikli ýagdaý dört gatly jaýyň 4-nji gatynda ýüze çykandygyny belleýärler, şeýle hem partlamanyň ýüze çykmagynyň esasy sebäbi hökmünde gaz enjamlarynyň näsazlygy görkezilýär. Gaz enjamlarynyň näsazlygynda şol jaýyň ýaşaýjylarynyň günäleriniň hem bardygy nygtalýar. Adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan pursatyndan haýal etmän ýangyn söndürijileriň, raýat halas ediş toparynyň barandygyna garamazdan şikes ýeten adamlara lukmançylyk kömeginiň berlendigini belläp geçmek hökmandyr. Galyberse-de ýaşaýjylaryň onlarçasynyň halas bolmagynda goňşy ýaşaýyş jaýlarda ýaşaýan raýatlarymyzyň gatnaşandyklaryny hem bellemelidiris.

Gysga wagtyň dowamynda tiz kömekleriň şeýle hem lukmançylyk kömekleriniň ýetişip gelmegi döwlet gulluklarynyň öz borçlaryny doly ýerine ýetirýändiginiň alamatydyr.

Bolup geçen wakada 4-nji gatda ýaşaýanlaryň ýalňyşlyklary esasynda jaýyň köp ýaşaýjylaryna zyýan ýetendigi sebäpli, seresap bolmagyňyz üçin şu wakany siziň dykgatyňyza ýetirýärin.

Täzelikler, Gyzykly tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir