Ýylan saçly Meduza

Gadymy Rim şahyry Publiý Owidiý Nazonyñ (b.e.öñki 43-nji ýylda doglup b.e 17-18-nji ýyllarynda aradan çykan) suratlandyrmagyna görä hudaý Afinanyñ ruhanylarynyñ biri bolan Meduza (grek mifologiýasynda gözüne seredeni daşa öwrüp taşlaýandygyna ynanylan ýylan saçly, ýiti dişli, urkaçy jandar) ilkibaşda görenleri jadylap biljek derejede owadan gyzmyşyn. Deñiz hudaýy Poseýdon Meduza bolan söýgüsine çydam edip bilmändir. Günlerde bir gün ol söýgülisi Afinanyñ ýanyna gizlinlik bilen gelip gidýän ybadathanasynda Meduza bilen jynsy gatnaşyga girýär.
Afina Poseýdonyñ bu etmişiniñ garşysynda özüni kemsidilen hasap edýär. Onuñ bu kemsinme duýgusy soñabaka öte gabanjañlyga, has soñra çäksiz gahar-gazaba öwrülýär. Ol Meduzany iñ aýylganç görnüşde jezalandyrmagy niýetine düwüpdir we ýaş gyzyñ saçlaryny ýylana öwrüp taşlapdyr. Mundan soñ Meduza şeýle bir betnyşanlaşýar welin, onuñ gözüne gözi düşenler şobada doññara daşa öwrülipdir. Şonuñ üçin gadymy döwürde belent binalary we aýratyn maksatly ýerleri gözden-dilden, her dürli bela-beterlerden goramak üçin Meduzanyb şekli we suratlary çekilipdir.
Meduza Gorgon doganlaryñ arasynda ýeke-täk başy ölümli bolanydyr. Şonuñ üçin onuñ ölümi adam kowmunyñ gahrymany Perseýiñ elinden bolupdyr. Perseý Graýyñ beren anasy bilen Meduza seredip bilipdir we daşa öwrülmänkä onuñ kellesini kesip taşlapdyr. Başga wersiýalarda bolsa Germesden alan oragy we Afinadan alan aýnasy ýa-da galkany bilen ony öldürendigi aýdylýar. Meduzanyñ kellesi kesilende onuñ boýnundan deñze syçran iki damja ganyndan Hrisaor we Pegas dogulupdyr. Başga bir hekaýada Meduzanyñ boýnundan pürküp çykan ganyñ her damjasyndan bir ýylan çykandygy gür berilýär.
Perseý Meduzanyñ kellesini Afina getirip beripdir. Afina ony galkanynyñ öñüne ýerleşdiripdir. Iki damja ganyny bolsa patyşa Erihtona berýär. Bu iki damja ganyñ biri zäher, ikinjisi bolsa zähere garşy antiwirusdyr. Meduzanyñ şekili çekilen binalaryñ biri Didima Apollon ybadathanasynyñ howlusynda girelgäniñ sag gapdalynda bar. Ýene iki sanysy bolsa Türkiýanyñ Stambul şäherinde ätiýaçlyk suw saklanýan Ýerebatan sardobasynda bardyr. Ýerebatan sardobasyndaky iki Meduza kellesinden biri başaşak bakdyrylyp şekili ýasalypdyr, beýlekisi bolsa oña ýanaşyk direg sütünine çekilipdir.
1456-njy ýylda Osmanly soltany Fatih Mehmet bilen duşuşyk geçirmek üçin Wenesiýadan ýörite delegasiýa gelipdir. Soltan olar bilen gepleşik geçirmegi wezirine tabşyrypdyr. Duşuşygyñ maksady Ýerebatan sardobasynda galan hazyna bilen baglanyşyklydyr. Emma wenesiýalylar hazynanyñ ýerini aýtmakdan saklanypdyr. Olar hazynanyñ anyk salgysyny diñe soltana mälim etjekdiklerini aýdyp, soltanyñ özlerini kabul etmegini talap edipdir. Soltan toparyñ bir wekili bilen görüşmegi müwessa bilenden soñ, topardan biri patyşanyñ huzuryna çykypdyr we Ýerebatan sardobasynda ýerleşen ýörite ýasalan gabyryñ içindäki jesediñ özlerine berilmegini towakga edipdirler. Fatih Mehmediñ bu jesedi açmaga rugsat berendigi ýa bermändigi hakynda anyk maglumat ýogam bolsa, bu syrly jesediñ ýumagy soltan Abdylhamit II-ä çenli uzaýar.
Soltan Abdylhamit han bu mesele bilen içgin gyzyklanypdyr we gabyrdaky tabydy açyp görmegi makul hasaplapdyr. Gözlegleriñ netijesinde tabyt tapylypdyr. Hut soltanyñ öz gözüniñ alnynda birnäçe tonna agramdaky tabydyb gapagy açylypdyr. Tabyt açylanda ol ýerde duranlaryñ depe saçyny galdyran gorkunç jandaryñ jesedini görüpdirler. Ol tabytda adamyñ kellesine çalymdaş towlam-towlam bolup ýatan mähnet ýylana meñzeş, mumyýalanan, ýöne çüýremäge başlan jeset bar eken. Soltan Abdylhamid han dessine bu tabydy gorag astyna alynmagyny we onuñ içindäki jandar gizlin saklanmaly edilipdir.
Bu gorkunç jandaryñ nämedigini bilmek üçin daşary ýurtly alymlar çagyrylypdyr. Jesedi içgin öwrenen biologyñ jany bokurdagyna gelipdir we şeýle netijenama ýazypdyr:
''Çüýremäge başlan bu döwpisint, kellesi adam kellesine çalymdaş, ýylan ýaly towlanyp ýatan mahluk, megerem, dinozawrlar eýýamyndan galan äpet ýylan ýa-da ýylana meñzeş bir jandar bolmaly...''
Bu boýunça ýene bir bellemeli zat bar, olam mazaryñ ýerini we syryny bilýän poganistik sektanyñ ençeme asyr bäri ol ýerde dabaraly dini dessurlary ýerine ýetirmegidir. Sekta öz agzalarna şol jeset baradaky syry ol ýerde ýatan jesede yşarat edip bildirýärdi.
Boş tabyt Fatih mesjidiniñ howlusynda dabaraly ýagdaýda gömülipdir. Soltan Abdylhamid hanyñ ýörite görkezmesi bilen tabydyñ suraty çekilip şol döwrüñ ''Resimli Gazeta'' gezetinde çap edilipdir. Mundan soñ tabydyñ näme bolandygyny we nirede goýlandygyny hiç kim bilenok.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir