Sazy: Çary Abdyllaýewiňki
Sözleri: Ata Atajanowyňky
Aýdymy ýerine ýetirýän: Türkmenistanyň at gazanan artisti Pälwan Halmyradow

Sensiň meniň mydarym, baýlygym-barym,
Ençe aýdyr senden habar ýok, ýarym.
Eşit bu nalamy, gaçdy kararym,
Ara daş bolsa-da, özüň daşlaşma.
Söwer ýarym, söýgi bilen hoşlaşma.

Daşlaşma, gel, ýar,
Hoşlaşma, gel, ýar.
Gül-günçalar düşäýin men,
Seniň geljek ýoluňa.

Aňsat däldir tapmak ýürek taýyňy,
Aşyk gözlär öz nurana aýyny.
Arman edäýmäli ýeneki bir gün...
Ara daş bolsa-da,
Özüň daşlaşma!
Söwer ýarym, söýgi bilen hoşlaşma.

Doýan ýokdur söwer ýardan, söýgüden,
Gutar meni bu hasratly gaýgydan.
Aramyzda söýgi ody sönmesin,
Ara daş bolsa-da, özüň daşlaşma.
Söwer ýarym, söýgi bilen hoşlaşma.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir