Filosofiýa örän gadymy ylymdyr. Ol ylmyň ähli görnüşlerine gatnaşykdadyr. Bu ylym ynsanýete dogry pikirlenmäni öwredýär. Dünýäniň gurluşy adamyñ döwletde we jemgyýetde tutýan orny, ömrüniň manysy barada düşünje almaga mümkinçilik döredýär. Bu ylym jemgyýet bilen tebigatyň gatnaşygyny, özbaşdak pikir yöretmäniň yollaryny, islendik meselä, hadysa, özgertmelere akylly-başly, ylmy nukdaýnazardan çemeleşmegiň usulyny öwredýär. Hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesli häzirki dünýäniň ruhy hem ahlak ösüşine laýyklykda, dünýä ylmynyn gazananlarynyň esasynda we milli terbiýäniň asylly däplerinde terbiýelemegi baş maksat edinýär. Şeýlelikde, 2008 2009-njy okuw ýylyndan ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde ozaldan hereket edýän okuw maksatnamalarynyň düzümine filosofiýa dersi hem girizildi. Şondan uzak wagt geçmänkä, Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmek hakynda Konsepsiýa kabul edilip, oña laýyklykda, filosofiýanyň düzüm bölekleri bolan ykdysadyýetiň esaslary, dünýä medeniýeti özüňi alyp barmagyň medeniýeti ýaly dersler orta mekdepleriň okuw meýilnamasyna hem girizildi. Munuň özi bilimiň şu basgançagynda jemgyýeti öwreniş dersiniň wezipesini mese-mälim giňeltdi. Bu bilim özgertmeleri häzirki döwrüň talaplarynda we bütindünýä siwilizasiýasynyň çygrynda amal edilyän öwrülişiklere milli añ-düşünjäniň dünýä giňişliklerine çyka- rylmagyny şertlendirdi.
Filosofiya paýhasly sözleýşiň meselelerini öz içine alýar. Bu ylmyň wezipesine dünýägaraýşyň nazaryýet esaslary we ulgamlaşdyrylyşy, ynançlaryň we taglymlaryň durmuşda tutýan orny barada we beýleki meseleler degişlidir. Alymlar filosofiýanyň paýhasa söýgi diýen düşünjäni aňladýandygyny, bu sözüň asly ýunanlaryň «filo» (sarpa, hormat, söýgi) we «sofiýa» (akyl, bilim, paýhas) sözlerinden gelip çykandygyny düşündirýärler. Filosofiýanyň görnükli wekilleriniň biri dünýä belli matematik Pifagordyr. Döwürdeşleri ona «Beýik akyldar» diýip ýüzlenýär ekenler.Ol şonda olara: «Men akyl ýetirmäge çalyşýanlardan birimikäm diýýärin. Maňa ýönekeý «filosof» diyäýiň» diýip, bu sözi dünýäde ilkinji bolup ylmy dolanyşyga girizipdir. Bu ylmyň ikinji bir görnükli wekili Sokratdyr. Oña dünýäde iň akylly adam diýip hormat-dereje beripdirler. Sokrat bolsa: »Beyle däl, men diňe özümiň hiç zat bilmeýändigimi bilýärin»- diýip jogap berer eken.Bu akyldaryň gadymyýetde aýdan pähimli pikiri halkymyzyň «Özüni bilen weli» diýen parasatly jümlesi bilen manydaş gelýär. Diýmek, şeýle paýhasly pikirleri aýdyp bilýän halkymyzyň wekillerinden biri-de Lukman Hekim lakamy bilen Gündogarda meşhur bolan Ibn Sinadyr. Lukmançylyk ylmynyň, Asman jisimleriniň we beýleki ylymlaryň esaslaryny goýan bu alymyň Yewropanyň ýurtlarynda Awisenna ady bilenmeşhurdygy hemmämize mälimdir.Filosofiýanyň taryhynda bolan meşhur şahsyýetler barada gürrüň edileninde, Günbatar soňra Gündogarda ylmy garaýyşlary bilen adygan Galileo Galileýi, Žordano Brunony, Nesimini we beýleki meşhur şahsyýetleriň adyny ýatlap geçmek bolar. Şeyle bir rowaýaty şu ýerde ýatlasymyz gelýär. Meşhur lukman Ibn Sina tebipçiligiñ esaslaryny döretmek bilen, Asman jisimleriniň kanunalaýyk hereketini düýpli özleşdiripdir, örän aýdyň pikirleri öñe sürüpdir. Ol märekäniň iň bir gadyrly adamy hökmünde kabul edilip, onuň aýdýanlaryna ýürekden ynanar ekenler.Bu akyldar şeýle märekeleriň birinde Günüň tutuljakdygyny aýdýar. Onuň pelsepewi bu aýdanlary yurduň hökümdaryna ýetirilyär. Hökümdar ylym adamsy bolansoň, Ibn Sina bilen ýüzbe-ýüz görüşmek isleýär. Meşhur lukman şonda Günüň dogry üç aýdan doly tutuljakdygyny, uzak wagt geçmänkä, ýene-de, ozalkysy yaly, açyljakdygyny aýdýar. Şonda hökümdar:«Sen onuň togsan günden tutuljakdygyny nädip bilýäň?» diýip soraýar. Parasatly alym hökümdara uly jaýyň üçegine bir kerwen çägäni çykarmagy haýyş edýär. Onuň diýen çägesi gerekli möçberde jaýyň üçegine çykarylýar. Lukman Hekim ol çägäniň dar gözenekden ýuwaşlykdan dökülip gutarandan soňra, Gün tutuljakdygyny aýdýar. Çäge uzak wagtyň dowamynda dökülip gutarýar. Asmandaky Günüň sag tarapy gulaklap ugraýar. Ol ýuwaş-ýuwaşdan ulalyp, Güni kiçeldip başlaýar. Hökümdaryň ulamalaryna dowul düşüp: «Ahyrzaman boldy« diýip,onuñ tagtyna arza gelýärler.Hökümdar alymy huzuryna çagyrdýar.Lukman hekim ýene-de Günüñ doly tutuljakdygyny we soñrak açyljakdygyny aýydýar.Bu,hakykatdan-da,şeýle bolýar.Adamlar alymyň pähim-paýhasyna, öňdengörüjiligine haýran galýarlar. Hökümdar alyma hormat-dereje bildirip,ony yurduñ ylmyny yolbaşçysy edip belleýär. Lukman Hekimiň tapan çägäniň döküliş usuly häzirki zaman dünýä şypahana ulgamynda bejerişiň wanna we beýleki görnüşlerinde wagt ölçeginde «çäge sagatlary» ady bilen meşhurlyga eýedir.Biz-ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna filosofiýa ylmynyň taryhy kökleri, ylymda tutýan orny, dünýä akyl ýetirmegiň usulyýeti we bu ylmyň beýleki meseleleri barada professor-mugallymlarymyz örän baý düşünje berýärler. Biz bu okuw dersinden dünýä akyl ýetirmegi, döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň sazlaşygyny, şahsyýet bilen jemgyýetiň gatnaşygyny we beýleki meselelerini öwrenýäris, düşünjelerimizi baýlaşdyrýarys.
Biz şu dersiň çygrynda Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň parahatçylygy we abadançylygy ugrundaky halkara başlangyçlarynyň many-mazmunyna, döwleti dolandyrmagyň esaslaryna, milli diplomatiýanyň taryhy köklerine düşünmäge mümkinçilik tapýarys.Bize okamaga,bilimleriň we ylmyň çuñluklaryna aralaşmaga giň mümkinçilik berýän Gahryman Arkadagymyzyñ adyna egsilmez alkyşlary aýdýarys!

Bilim, bank tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir