Gaýgy-gama eziz köňlüm solduryp, Şum pelek azabym reýgan eýledi, Ýazan kitaplarym sile aldyryp, Gözlerim yzynda girýan eýledi. Gapyllykda duşman aldy daşymyz, Dargatdy her ýana deňi-duşymyz Bäş ýylda bir kitap eden işimiz- Gyzylbaşlar alyp, weýran eýledi. Birnäçämiz goly bagly gul bolup Niçeler yzynda sargaryp solup Kimi berip, anyň bahasyn alyp Her kime bir belli baha eýledi Şum pelek birehim, maňa bildirdi Aglamakdan gül ýüzlerim soldurdy Golýazma kitabym sile aldyryp Duşmanymy Jeýhun derýa eýledi Niçeler dünýäde boldy bir kişi, Niçäniň agzyny doldyrmaz aşy Niçäniň matamdan gutulmaz başy Gije-gündiz weweýleta eýledi Köýdürer şum pelek zulmy-jepasy Ýalandyr, ynanmaň, ähdi-wepasy Magtymguly, ýok bu sözüň hatasy, Pelek elip kyddym duta eýledi.

Köneler, Harmandali tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir