On ýyldan gowyrak boldy pul kollektsiýa etýän. Şuwagt 500 töwerek kagyz pul [banknot] we 1000-den kän köpük [moneta] boldy. Araňyzda gyzyklanýan bar bolsa habarlaşalyň. Dünýa standartyna görä kagyz pul ýagdaýynyň derejenlendirme terminleri UNC(uncirculated, 10) Ellenmedik, eplenmedik, hiç hili ulanylmadyk ýagdaýda. Halkyň hatda bank işgäriniň hem eli degmedik. Reňkleri belli we öwüşginli, gyralary ýyty we dörtburç. AU(almost or about uncirculated, 9) Çalaja bank maşynkalarynyň sanan yzy bildirer, burçynda ýada ortasynda çalaja yz bolar. EF ýada XF(extremely fine, 8) Iki-üç ýerinden azajyk eplenen ýada ýekeje gatyrak eplenen. Kagyzy arassa we hakyky öwüşgini bar. Burçlaryndaky çüňk çalaja ýiten. VF(very fine, 7) Özüne çekiji, ýöne ulanylandygy bildirýär. Wertikal ýada gorizantal eplenen ýerlery, ýenede renk kiri bolmagy ahmal. Kagyzy ýumşamadyk, gyralary doly dörtburçlygyny ýitirmedik. F(fine, 6) Aýlanşykda ulanylandygy arkaýyn bildirýär, eplenen ýerleri kän. Kagyzy hapa däl ýöne ýumşak. Gyrasynda kiçijek ýertik bar ýöne şekilli ýerine ýetmedik. VG(very good, 5) Gowy ulanylan, zaýalanmadyk, bitin ýagdaýda. Burçlary aýlowly, kertikli. Belli bolýan renk kiri, iňňe ýaljak deşikler bolmagy ahmal. G(good, 4) Gowy edip ulanylan, köp wagt ulanylanlygy üçin hem zaýalanan. Ýertilip gopan kiçijek kemli ýerleri bardyr ýada deşikdir, kirlidir. Kagyzda şekiller, çyzyklar bolmagy ahmal. F(fair, 3) Jylky çykýança ulanylan. Ýertik, deşik ýada belli bir bölegi ýok. P(poor, 2) Mata ýalak bolan pul.

Köneler, mc_merw tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir