Awesta hakynda. Awesta 21 kitapdan ybarat bolupdyr. Häzirki günlere çenli,bize gelip ýeteni 4/1 bölegidir. Ýagny : Widewdat,Ýasno,Ýaşt,Kiçi Awesta. Häzirki günlerimizde tapylan tapyndylara görä Zaratustyra pygamber özi dirikä 30 müň öküzi gönüne (derisine) zer, altyn bilen ýazdyrypdyr. Emma biziň eýýamymyzdan öňki 4-nji asyrda Iskender Zülkarnaýin Eýrany basyp alyp, Persopaly otlanda şol ýazgylar hem ýananmyş. Awestada Türkmenistanyň şäherleri bolan Merw, Horezm ýatlanylýar. Kitapda oduň,suwuň güýjüniň öňünde baş egmek, ýeri hapalamaklyga gorkuly garamak wagyz-nesihat edilýär. Astreslogiýa we hukuk ýaly ylymlardan söhbet edilýär. Umuman kitap hakynda gysgaça aýdanymda ýokarky ýaly maglumatlary bilsem-de bu hakda içgin gyzyklanmaly diýen netijä geldim, ýagny kitapda Marguş döwleti barada aýdylanlar hakynda has içgin gyzyklandym şeýlelik-de gyzyklanan zadymy hem tapdym size hem bu barada maglumat bermegi makul bildim. Biziň günlerimize Awestanyň ilkibaşdaky wariantynyň diňe bir dörtden bir böleginiň gelip ýetendigini nazara alsaň, ýitirilen gymmatlyklaryň möçberini göz öňüňe getirmek kyn däldir. Şeýle ýagdaýda, Marguş hakykaty belli bir derejede Awestanyň tekstinde bolmasa-da , adamzadyň irki dini-filosofik konsepsiýalary barada häzirki düşünjelerimiziň üstüni ýetirip biler. Ýagny gadymy Marguş ýurdunyň ilatynyň otparazçylyk dinine uýandygyny bilýäs. Onda bu awesta kitaby has takyky şu ýurdyň dini däp-dessurlary barada ýazylan diýsem ýalňyşmasam gerek. Has takygy gadymy pars klinopis ýazgylarynda ýatlanylýan gadymy „Marguş ýurdy“ ondan-da ozal „Mouru“ady bilen ähli otparazlaryň kitaby bolan „Awestada“ duş gelýär. Ýaş, ýöne özüne göwni ýetýän fransuz alyy Anketil Dýuperron (ýaşan ýyllary 1731-1805) bu wezipäni öz üstüne aldy. L kitaphanada saklanýan gadymy golýazmalar bilen tötänlikde tanşyp, otparazçylyk dininiň we Zaratustyra pygamberiniň şahsyýetiniň syryny açmak küýüne düşdi 18-nji asyryň ortasynda Dýuperron Hindistana ugraýar we şol ýerde öz ömrüniň birnäçe ýylyny Awestanyň dilini öwrenmäge bagyş etdi. Ol bu işi pars ruhanylarynyň üsti bilen amala aşyryp diňe bir mukadddes tekstleriň anygyna ýetmek bilen çäklenmän,eýsem otparazlyk urp-adatlaryny we däp-dessurlaryny , gündelik durmuş we dini wakalary öwrendi. Ýaş alym bu tema örän uly gyäyklanma bildirip, diňe bir ýitip barýan dili öwrenmek bilen çäklenmän,eýsem, otparazlyk dininiň esaslaryny hem özleşdirdi. Ol öz mugallymlarynyň ynamyna girmegi başardy. Halypalary oňa otparazlaryň her biri üçin mukaddes bolan Awestany terjime etmäge kömekleşdiler. Köpýyllyk barlaglaryň netijesinde Anketil Dýuperron ylym babatda hakyky ederemenlik görkezdi. Ol ölüm howpdan hem gorkmady. Çünki otparazlyk kadalarynda, ruhanylara beýleki dine uýýanlara Awetanyň many-mazmuny olaryň dini ynanyçlaryna degişli maglumatlar bermek gadagandy. Gadymy pars ýazgylarynyň terjime edilmegi Ýewropanyň ylym bilen meşgullanýan adamlarynyň arasynda hakyky gopgun turuzdy. Ilkibaşda şol terjimelere hiç kim ynanmady

Köneler, akylym1989 tarapyndan 11 years ago
    aga593 11 years ago
  • toslamany okap name peyda urgencli, yashuly35 aydypdyra ylmy maglumat bolmayar diyip.

    Yashuly35, agam, alym hem bitarap hereket edip bilmez men pikirimche. Onun sozleri ylym bolmasa, ol alym bolup bilmeza. Diymek alym hem ylma bagly. Ylymyn hakykada bagly bolshy yaly.
    akylym1989 11 years ago
  • toslama bolsa 1 i kitap edip çykarmazdy:)
    akylym1989 11 years ago
  • ceshme görkezdim tapyp Margush hakynda we olaryñ bir wagtky uýan dini hakynda okap bilersiñiz.
    bu temany açmak bilen maksadym bashda hem bellä p geçishim ýaly t.tanyñ içine okuwa tabshyrýanlara taryh egzameninden gerekli maglumatlaryñ biri. bir wagtlar maglumat tapmandym.
    URGENCLI 11 years ago
  • aga 593 turkmenistanyn gadymy ilatynyn zoroastrizme onlarca asyrlap uyup yashandyklaryna ynanyangmy? O wagtlar yslam yokdy. Araplar dasha cokunyp yordi.

    Indi awesta asmandan inen kitap dal, zaratushtra hem pyhamber dal diyeli. Men doly ylalashyan. Emma toslama kitaby okap name etjek diyenin bilen ylalashmayan. Sebabi bu kitapda oran gadymy gymmatly taryhy maglumatlary tapyp bolya. Meselem shol wagtda adamlaryng yalnysham bolsa dini ynanclary hakda, yer, yurtlary hakda, dap.dessurlary hakda maglumatlar we s.m.
    URGENCLI 11 years ago
  • sagbol awtor!
    Cyn yurekden minnetdar!
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri