Arsenal-Çelsi Sewilýa-Barselona Ine-de Talyplarda Çaklama Turniriniň ikinji turyna aýak basmaly hepdämiz ýetip geldi. Bu hepde ýene iki oýna öz çaklamalarymyzy goýarys. Bu gezek Ýewropa döwletleriniň milli çempionatlaryndan iki sany esasy oýna saýladym. Olar Angliýanyň premýer ligasyndan, 29-njy sentýabrda boljak Arsenal-Çelsi we Ispaniýaň La Ligasyndan Sewilýa-Barselona duşuşyklary bolar. Oýunlaryň ikisem şol bir günde oýnalar.29-njy sentýabrda Arsenal-Çelsi oýny Aşgabat wagty bilen 16:45-de, Sewilýa-Barselona oýny bolsa 29-yndan 30-na geçilýän gije sagat 01:00-da bolar.

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir