Şu günki boljak oýunlarda kimiň galyp kimiňem dowam etjegi belli däl. Futbolda her hili garaşylmaýan ýagdaýlar bolaýýar. Düýnki Orsýetiň ýygyndysynyňam turnir bilen hoşlaşmagy köpler üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy. Indi "B" toparçasy hakda aýtsak 6 oçko bilen öňdeligi eýýeleýän, yzly-yzyna iki oýnuny hem ýeňiş bilen tamamlan Germaniýanyň hem dowam etjegi şu günki oýunlara bagly. Elbetde deňlik olar üçin turniri dowam etmäge bilet boljak. Ýöne Daniýanyňam ýygyndysy çärýek finala çykmak üçin göreşjek. Gollandiýa barada aýtsak, olar jogapsyz Portugaliýaň ýygyndysyna 2 pökgi salmagy başarmaly we Germaniýa hem Daniýany ýeňmeli. Garaz şu gün kimiň galyp, kimiňem dowam etjegi 01:45-de belli boljak. Sizem öz pikiriňizi aýdyp bilersiňiz. 1988-nji ýylyň Wan Bastenli, Kumanly, Gullitli, Raýkardly Ýewropaň çempiony bolan Gollandiýasy bu ýyl çärýek finalda galarmy ya-da mundan soňky oýunlara Gollandiýada seretmeli bolarlarmy???!!!

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir