EURO2012-de çykyş etjek ýygyndylararyň düzümine seredilende transfermarkt.de saýtynyň maglumatyna görä bahasy iň ýokary oýunçy portugaliýaly Kriştiano Ronaldodyr. Real Madrid formasyny geýýän 27 ýaşyndaky bu oýunçy 90 000 000 ýewro bahasy bilen birinji ýeri alandan soň, ikinji we üçünji ýeri 65 000 000 ýewro bahalary bilen Angliýaň ýygyndysynyň oýunçysy Ueýn Runi bilen Ispaniýanyň ýygyndysynyň oýunçysy Andres Iniýeste eýýeleýär. Iň gymmat ýygyndy Ispaniýa Ýewropanyň we dünýäniň soňky çempiony Ispaniýanyň milli ýygyndysy transfermarkt.de saýtyna görä EURO2012-niň iň ýokary gymmady bolan ýygyndy boldy. Jemi 658.000.000 ýewro gymmady bolan Ispaniýanyň yzyndan Ýewropaň ikinjisi Germaniýa 459.000.000 ýewro bilen ikinjiligi eýýeleýär. Irlandiýanyň ýygyndysy 66.500.000 ýewro bilen market gymmady iň pes bolan ýygyndy bolmagyna garamazdan hemme oýunçylarynyň jemi gymmady 3.732.400.000 ýewrodygy bellenildi.

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir